«Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993 ýylyň 29 noýabrynda çykaran № 1077 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993 ýylyň 29 noýabrynda çykaran № 1077 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 10, 7524-nji madda)
Ulanylýan kanunlary kämilleşdirmek maksady bilen, «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidsntiniň 1993 ýylyň 29 noýabrynda çykaran № 1077 Permanyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmennstanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1993 ý., № 11, 1644 madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1. 1 punktda:
dördünji abzasda «şeýle hem notarial taýdan güwä geçilen dokumentleriň kopiýalarynyň (dublikatlarynyň) berlenligi üçin» - diýen sözleri «şeýle hem olaryň resmi kagyzlaryň taslamalaryny düzendigi, notarial taýdan güwa geçilen resmi kagyzlaryň nusgalaryny (dublikatlaryny) berendigi we tehniki işleri ýerine ýetirendigi üçin» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
altynjy abzasy we dokuzynjy abzasda «daşary ýurt pasportyna ýa-da onuň ornuny tutýan dokumente Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän goşundynyň berlendigi üçin» diýen sözleri aýyrmaly.
2. 3 punktda 17 - 20 kiçi punktlary aýyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 2-nji oktýabry
№ PP-2646