Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän awtoulag serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 21 iýunynda çykaran № 1559 Permanyna üýtgetme girizmek barada
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän awtoulag serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 21 iýunynda çykaran № 1559 Permanyna üýtgetme girizmek barada
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7475-nji madda)
Kanunlary kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýqrin:
«Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän awtoulag serişdeleriniň eýelerinden ýygym almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 21 iýunynda çykaran № 1559 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2622 madda) 7 punktuny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 11-nji sentýabry
№ PP-2620