Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 7, 1421-nji madda)
Kino önümçiligini dolandyrmagy we Türkmenistanyň ilatyna edilýän kinowideo hyzmaty kämilleşdirmek, milli kinomatografiýany ösdürmegi üpjün etmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki film öndüriji guramalaryň kino sungatynyň ýokary çeperçilikli eserlerini döretmek baradaky işini utgaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Milli kinowideokompaniýasynyň bazasynda Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasyny döretmeli.
2. Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasy hakyndaky düzgünnamasynyň taslamasyny Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, bir aý möhletde işläp taýýarlamagy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermegi Türkmenistanyň Döwlet kinowideokompaniýasyna tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 30-njy iýuly
№ РР-955