M. S. Atahanowa, H. Öwezgelenowa, D. Saparowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
M. S. Atahanowa, H. Öwezgelenowa, D. Saparowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1358-nji madda)
Türkmen kino sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin: merhum kinorežissýor Meret Serdarowiç Atahanowa, merhum kinoaktýor Hojan Öwezgelenowa, merhum kinoaktýor Durdy Saparowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 29-njy iýuny
№ PP-930