Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Patent wedomstwosyny döretmek hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Patent
wedomstwosyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1349-njy madda)
Senagat eýeçiliginiň obýektleriniň goragy babatda döwlet syýasatyny ýöretmek, ýeke-täk patent sistemasyny döretmek, oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna, haryt nyşanlaryna we beýleki senagat eýeçiliklerine gorag dokumentlerini bermek, telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýany ýaýratmak hem-de ornaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Patent wedomstwosyny (Türkmenpatent) döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary sowetiň teklibini kabul etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 25-nji iýuny
№ PP-921