Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Graždanlaryň şahsy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we kwartiralaryň hökmany döwlet strahowaniýesini ýatyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Graždanlaryň şahsy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we kwartiralaryň hökmany döwlet strahowaniýesini ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Graždanlaryň şahsy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we kwartiralaryň hökmany döwlet strahowaniýesini ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1337-nji madda)

Graždanlaryň emläk strahowaniýesi baradaky bähbitlerini mundan beýläk-de goramak maksady bilen, karar edýärin:

1. Graždanlaryň şahsy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we kwartiralaryň hökmany döwlet strahowaniýesini ýatyrmaly.

2. Graždanlaryň şahsy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny we kwartiralary meýletin tertipde strahowaniýe etmeli.

3. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

«Graždanlara degişli emlägiň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 351 Permanynyň 1-nji we 2-nji punktlaryny;

«Türkmenistanyň Döwlet strahowaniýe kommersiýa guramasyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda çykaran № 868 karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Döwlet strahowaniýe kommersiýa guramasy hakyndaky düzgünnamanyň 3-nji punktunyň «a» podpunktunyň altynjy abzasyny.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 16-njy iýuny

№ PP-909