Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 14 awgustynda çykaran № 1617 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 14 awgustynda çykaran № 1617 Permanyna üýtgetmeler girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7446-njy madda)
«Türkmenistanyň graždanlarynyň meýletin döwlet saglygy goraýyş ätiýaçlyk serişdelerýniň salgydyny girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 14 awgustynda çykaran № 1617 Permanyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995 ýyl, № 8, 2740 madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
2 punktuň ikinji abzasynda we 4 punktda «Türkmenistanyň Döwlet býujetine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Saglygy goramak pudagyny ösdürmegiň döwlet fonduna» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
5 punkty güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 7-nji sentýabry
№ PP-2586