Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligini ýatyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligini ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligini ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1331-nji madda)

Döwlet dolandyryş organlarynyň strukturasyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligini ýatyrmaly.

2. Döwlet emlägini döwletiň dolandyrmagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Döwlet emlägi ministrligini döretmek hakynda» 1992-nji ýylyň 26-njy iýunynda çykaran hem-de «Türkmenistanyň Döwlet emlägi ministrligini Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligine öwürmek hakynda» 1992-nji ýylyň 10-njy dekabrynda çykaran Permanlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

4.Şu Permanyň çykarylmagy bilen baglanyşykly ulanylyp gelinýän kanunlara üýtgetmeler girizmek hakyndaky teklipleri işläp taýýarlamagy hem-de bir aý möhletde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermegi Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 14-nji iýuny

№ PP-897