Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7288-nji madda)

Türkmenistanyň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak baradaky maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we Naýyp senagat toplumynda suwuklandyrylan gazy almak baradaky enjamy gurmagy tamamlamaga goşan şahsy goşandy üçin:

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň, «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň №2 gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň elektrik bilen kebşirleýjisi Möwlamberdi Myradowiç Artykowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň №4 gurluşyk-montaž uprawlewiýesiniň elektrik bilen kebşirleýjisi Geldimyrat Reşowiç Açylowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» uprawleniýesiniň goşmaça basyşly kompresor stansiýasynyň tehnologik kompressorlarynyň maşinisti Allaberdi Taganberdiýewiç Mätýazowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» uprawleniýesiniň suwuklandyrylan gazy taýýarlaýjy enjamynyň operatary Döwletmämmet Ahmedowiç Mergenowy,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň №2 gurluşyk uprawleniýesiniň izolirleýjisi Baýnazar Kerimowiç Nurberdiýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» uprawleniýesiniň guramak, ulanmak we abatlamak böluminiň inžineri Zülpikar Seýitabdyllaýewiç Osmanowy,

«Turkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň №4 gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň elektrik bilen kebşirleýjisi brigadasynyň brigadiri Akmyrat Ürkünowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 16-njy iýuny

№ PP-2542