Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

A.Müsürow, G. Saparow we N. Soltanow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

A.Müsürow, G. Saparow we N. Soltanow ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A.Müsürow, G. Saparow we N. Soltanow ýoldaşlary «Gaýrat»

medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7283-nji madda)

Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmäge, «Däne» maksatnamasyny ýerine ýetirmäge goşan uly şahsy goşandy we gazanan ýokary önümçilik netijeleri hem-de önjeýli zähmeti üçin:

Lebap welaýatynyň, Çarşaňňy etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň başlygy Abdyresul Müsürowy,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň başlygy Gurbannazar Saparowy,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Narguly Soltanowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 16-njy iýuny

№ PP-2537