M. Nazzyýew we B. Öwezmyradow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
M. Nazzyýew we B. Öwezmyradow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7281-nji madda)
Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we garaşsyz bitarap Türkmenistanyň teatr sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de Marynyň Kemine adyndaky türkmen döwlet drama teatrynyň döredilmeginiň altmyş ýyllyk toýy mynasybetli, teatryň artistleri Muhammetgurban Nazzyýewi we Bäşim Öwezmyradowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 16-njy iýuny
№ PP-2534