Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Watana bolan söýgusi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Watana bolan söýgusi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgusi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7271-nji madda)

Uly zähmet üstünliklerini hem-de ýurduň energetikasyny we senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanda birinji şeker fabriginiň işe girizilmegi mynasybetli:

Türkmenistanyň, Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen birleşiginiň «Maryenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen kärhanasynyň direktory Annamuhmmet Gurbanowy,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň, «Maryhimgurluşyk» trestiniň № 2 gurluşyk uçastogynyň başlygy Kakamyrat Ataýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň «Türkmenenergotaslama» institutynyň, Marydaky filialynyň direktory Amandurdy Abdyllaýewiç Abdyllaýewi,

«Maryobagurluşyk» döwlet-kooperatiw önümçilik birleşiginiň baş inženeri Tirkeş Hanowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň «Türkmenýöritemontaž» önümçilik birleşiginiň Çärjewdäki «Himmontaž» paýdarlar jemgyýetiniň direktory Narguly Aýmyradowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2523