Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Ýoldaş I. Jumanyýazowy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Ýoldaş I. Jumanyýazowy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýoldaş I. Jumanyýazowy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7270-nji madda)

Uly zähmet üstünliklerini hem-de ýurduň energetikasyny we senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanda birinji şeker fabriginiň işe girizilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernini; «MaryGRESgurluşyk» gurluşyk birleşiginiň mehanizmleşdirilen işler baradaky gurluşyk uprawleniýesiniň daşarky turboprowodlaryň V derejeli montažçysy ýoldaş Illi Jumanyýazowy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2522