Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda guldukdan boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda guldukdan boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1998 ý, № 3, 7167-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçglary 1998 ýylyň maýynda – iýunynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek graždanlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren, uly ýaşly graždanlary 1998 ýylyň aprelinde - iýunynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 31-nji marty
№ PP-2494