Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Harby gullukçylaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pension üpjünçiliginiň ýola goýluşyny özgertmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Harby gullukçylaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pension üpjünçiliginiň ýola goýluşyny özgertmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby gullukçylaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pension üpjünçiliginiň ýola goýluşyny özgertmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 3, 7164-nji madda)

Harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçy we ýönekeý işgärleriniň sosial üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 1998 ýylyň 1 aprelinden başlap ofiserleri, praporşikleri,miçmanlary hem-de hökmany möhletden daşary gulluk edýän harby gullukçylary, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçylaryny we ýönekeý işgärlerini hem-de olaryň maşgalalaryny pensiýalar bilen Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrligi üpjün etmeli.

2. Türkmenistanyň, Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti we Türkmenistanyň, Döwlet serhet gullugy:

- pensiýa işlerini, şeýle hem şol işler üçin niýetlenilen maddy we tehniki serişdeleri bellenilen tertipde Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrligine bermeli;

- 1998 ýylyň 1 aprelinden başlap pensiýalary bellemek üçin zerur bolan dokumentleri Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrligine ibermeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi:

peýasiýa meseleleri bilen meşgullanýan işgärleriň wezileleriniň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden 4-sini, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden 6-syny, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetinden 0,5-sini, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan 2-sini zähmete hak tölemegiň degişli fondlary bilen Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrligine bermeli;

şu Permanyň 1 punktunda görkezilen pensionerlere pensiýalary tölemek üçin 1998 ýylyň, II kwartalyna sosial üpjünçilik boýunça serişdeleri bermeli.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministriligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy bilen bilelikde «Türkmenistanda harby gullukçylaryň pension üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 20-nji marty

№ PP-2490