Pensiýalaryň möçberlerini hasaplamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Pensiýalaryň möçberlerini hasaplamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7072-nji madda)
«Býujet ugurlarynyň guramalarynyň we edaralarynyň işgärleriniň iş hakynyň hem-de stipendiýalaryň möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998 ýylyň 18 fewralynda № 2472 Permanynyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklylykda, karar edýärin:
1. Pensiýalary hasaplamak üçin kabul edilýän iş hakynyň, möçberlerini Türkmenistan boýunça iş hakynyň tassyklanylan ortaça möçberiniň 0,12 stawkasyndan ugur alyp hasaplamaly.
2. Doly iş stažy bolan mahaly ýaşy boýunça pensiýalaryň möçberleri, şeýle hem «Türkmenistanda graždanlaryň pensiýa bilen üpjünçiligi hakynla» Türkmenistanyň Kanunynyň 120 maddasynyň «a» punktunda görkezilen sosial pensiýalaryň möçberleri Türkmenistan boýunça iş hakynyň tassyklanylan ortaça möçberiniň azyndan 16 prosentine, galan halatlarda bolsa - azyndan 10 prosentine barabar bolmalydyr diýip bellemeli.
3. «Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996 ýylyň 30 sentýabrynda çykaran № 1917 Permanynyň 4 punktuny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 18-nji fewraly
№ PP-2475