Şahsy adamlardan dlynýan girdeji salgydy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Şahsy adamlardan dlynýan girdeji salgydy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7070-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.12.1999 ý. çykaran № PP-2998 Permany esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
1 we 3-nji punktlary Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.12.1999 ý. çykaran № PP-2998 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bolmadyk adamlardan girdeji üçin salgydy almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992 ýylyň 6 ýanwarynda çykaran № 252 Permany bilen tassyklanylan, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy hakyndaky Düzgünnamanyň 4 punktunyň bäşinji abzasyny;
«Fiziki taraplardan alynýan girdeji salgydy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 31 iýulynda çykaran № 1596 Permanyny.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 18-nji fewraly
№ PP-2473