Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

N. T. Arazgylyjow, Ş. E. Jumaýew we B. Lukmanow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

N. T. Arazgylyjow, Ş. E. Jumaýew we B. Lukmanow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

N. T. Arazgylyjow, Ş. E. Jumaýew we B. Lukmanow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7063-nji madda)

Zähmetde gazanan ýokary üstünlikleri hem-de standartlaşdyrmagyň, metrologiýanyň we zähmeti goramagyň milli sistemasyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklaryny goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli:

Türkmenistanyň Standartdaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklaryny goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň Daşhowuz welaýat döwlet inspeksiýasynyň uly döwlet imspektory Nurmyrat Täçgulyýewiç Arazgylyjowy;

Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrolodgiýa, ýerasty baýlyklaryny goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň Lebap welaýatyndaky döwlet inspektory Şükürylla Elamanonwiç Jumaýewi;

Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklaryny goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň baş döwlet inspektory Baltabaý Lukmanowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 9-njy fewraly

№ PP-2464