Lebap welaýatynda geňeşlikleri döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynda geňeşlikleri döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7061-nji madda)
Zähmetkeşleriň ýüztutmalaryny we Lebap welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:
1. Sakar etrabynda Sakar daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde Ýürekdepe obasynda merkezi bolan Ýürekdepe geňeşligini döretmeli;
Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynda S. A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşigniň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde Täzedurmuş obasynda merkezi bolan Täzedurmuş geneşligini döredip, onuň administratiw tabynlygyna Lebap obasyny goşmaly;
Çarşaňňy etrabynda Dagly daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde Garrygala obasynda merkezi bolan Garrygala geňeşligini döredip, onuň administratiw tabynlygyna Garahowuz geňeşliginiň Gökmiýar obasyny we Megejik geňeşliginiň Hojaşüllük obasyny bermeli.
2. Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993 ýylyň 5 maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 5-nji fewraly
№ PP-2462