Aşgabat şäheriniň Proletar etrap sudunda sudýalaryň sanyny artdyrmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Aşgabat şäheriniň Proletar etrap sudunda sudýalaryň sanyny
artdyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1184-nji madda)
Aşgabat şäheriniň Proletar etrap suduna işin netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen hem-de «Türkmenistanda sud gurluşygy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Aşgabat şäheriniň Proletar etrap sudunyň sudýalarynyň sanyny 1 birlik artdyrmaly.
2. Aşgabat şäheriniň Proletar etrap sudunyň sudýalarynyň sany 10 birlik bolmaly diýip bellemeli.
3. «Türkmenistanyň oblast sudlarynda we Aşgabat şäher sudunda, raýon, şäher sudlarynda sudýalaryň hem-de raýon, şäher sudlarynyň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetirijilik iş baradaky sudýalaryň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidenti.niň 1992-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 665 kararyna degişli üýtgetmeler girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 29-njy apreli
№ PP-835