A. Ataýew we S. G. Nyýazow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
A. Ataýew we S. G. Nyýazow ýoldaşlara «Türkmenistanyň
at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6020-nji madda)
Zähmetde gazanan ýokary üstünlikleri we Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň Daşhowuzdaky mehanizmleşdirilen № 3 göçme kolonnasynyň başlygy Arazdurdy Ataýewe,
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministriniň energetika boýunça orunbasary - Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň baş inženeri Söýün Gylyjowiç Nyýazowa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 16-njy dekabry
№ PP-2423