«Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6019-njy madda)
Zähmetde gazanan uly üstünliklerini hem-de Türkmenistanyň elektrik Energetikasyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazarda tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň Marydaky «Maryenergohimsenagat» pudagara birleşiginiň Mary GRES-niň merkezleşdirilen abatlaýyş sehiniň nasoslary abatlamak boýunça uçastogynyň başlygy Ýazmyrat Ataýewi,
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň «Ahalenergo» önümçilik birleşiginiň baş direktory Amangylyç Nurmämmedowy,
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň Daşhowuzdaky mehanizmleşdirilen № 3 göçme kolonnasynyň sürüjisi Saparbaý Egametowy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 16-njy dekabry
№ PP-2422