Ahmet Çalygy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ahmet Çalygy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5950-nji madda)
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren uly hyzmatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy, ykdysady we sosial özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça önjeýli zähmeti, dokma senagatyny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň alty ýyllygy mynasybetli, «Çalyk Grupp» türk firmasynyň prezidenti Ahmet Çalygy «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 22-nji oktýabry
№ PP-2384