Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Gurbansoltan eje» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Gurbansoltan eje» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Gurbansoltan eje» ordeni bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5941-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary, diýarymyzyň ykdysadyýetini, ylmyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy, ösüp gelýän nesli türkmen halkynyň iň oňat däpleriniň ruhunda terbiýelemek, şeýle hem aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki roluny we abraýyny ýokarlandyrmak işinde gazanan üstünlikleri üçin:

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Töräýewna Ataýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary - Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş uprawleniýesiniň başlygy Ogulsabyr Döwletsähedowany,

«Türkmenhaly» döwlet önümçilik birleşiginiň başlygy Ogulnabat Meredowany,

Lebap welaýatynyň Çärjew şäheriniň tikin fabriginiň direktory Jemile Myradowany,

Türkmenistanyň halk artistkasy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýanyndaky folklor ansamblynyň ýolbaşçysy Jemal Saparowna Nurmuhammedowany,

Professor, D. Azady adyndaky Türkmenistanyň Milli dünýä dilleri institutynyň rektory Roza Gaýybowna Nepesowany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Abat Sähedowna Ryzaýewany «Gurbansoltan eje» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 18-nji oktýabry

№ PP-2373