Ýoldaş G. Alyjanowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş G. Alyjanowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5939-njy madda)
Bitarap Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri hem-de ýokary hünär ussatlygy üçin, «Älem-goşar» firmasynyň ýolbaşçysy, aýdymçy Gülşirin Alyjanowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 18-nji oktýabry
№ PP-2370