Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan zapasa boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan zapasa boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 9, 5934-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 1997 ýylyň noýabrynda-dekabrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan zapasa boşatmaly.
2. Erkek adamlardan bolan, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň graždanlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren, uly ýaşly graždanlary 1997 ýylyň oktýabrynda-dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 29-njy sentýabry
№ РР-2365