Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir permanlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir permanlaryna üýtgetmeler
girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 7, 5809-njy madda)
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu permanlaryna üýtgetmeler girizmeli:
1.«Harby gullugyň aňryçäk möhletlerini üýtgetmek hakynda»Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994 ýylyň 26 dekabrynda çykaran №1435 Permanynyň 1 maddasynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çykaran kararlarynyň,1994 ýyl, №12, 2299-madda) «we serhet goşunlarynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prtezidentiniň 1996 ýylyň 2 fewralynda çykaran № 1734 Permany bilen tassyklanylan,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby bölüminiň söweşjeň baýdagy hakyndaky Düzgünnamanyň belliginde «serhet goşunlary»diýen sözler bilen çalşyrmaly.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996 ýylyň 2 fewralynda çykaran № 1735 Permany bilen tassyklanylan,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçmeýän harby gullukçylaryň harby ülňüli geýiminiň we harby atlary boýunça tapawunlandyryş nyşanlarynyň teswirinde:
1 bölümde «(serhet goşunlaryndan başga)» diýen sözleri «(Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň goşunlaryndan başga)» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
2 bölümiň sözbaşysynda «(Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň )» diýen sözleri «(Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň)» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 28-nji iýuly
№ PP-2327