Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

H. Küläýew we A. Nobatow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

H. Küläýew we A. Nobatow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

H. Küläýew we A. Nobatow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 3, 1092-nji madda)

Ýer gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýeri netijeli peýdalanmagy we goramagy hem-de Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunlaryny kämilleşdirmegi guramaga goşan uly goşandy üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Ýerden peýdalanmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky döwlet komitetiniň «Türkmengiprozem» institutynyň Aşgabatdaky gözleg ýer gurluşyk ekspedisiýasynyň ýer gurluşyk toparynyň naçalnigi Hally Küläýewe.

Türkmenistanyň Ýerden peýdalanmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ata Nobatowa.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 11-nji marty

№ PP-777