Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Harby sudlary ýatyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Harby sudlary ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby sudlary ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5686-njy madda)

Sud organlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek, Türkmenistanyň sud sistemasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hem-de «Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň harby garnizonlarynyň harby sudlaryny we Türkmenistanyň Ýokary sudunyň harby kollegiýasyny ýatyrmaly.

2. Harby gullukçylar, şeýle hem harby ýygnanyşyklarda bolýan harby borçlular baradaky jenaýat işlerine garamak boýunça ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Ýokary sudunyň, welaýat sudlarynyň, Aşgabat şäher sudunyň, etrap (şäher) sudlarynyň üstüne ýüklemeli.

Işleriň görkezilen toparyna garamak boýunça sudlaryň ygtyýarlyklarynyň tapawutlanmagy kanun tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Ýatyrylan harby sudlarda we Türkmenistanyň Ýokary sudunyň harby kollegiýasynda sud seljerişi derejesinde bolan, şu Perman kabul edilmänkä başlanylan jenaýat işlerine garamak ozalky düzümdäki sud tarapyndan tamamlanylýar diýip bellemeli.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Ýokary sudy, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi sud organlarynyň işiniň guramaçylyk, kadrlar, maddy-tehniki we maliýe üpjünçiligi boýunça teklipleri bir hepde möhletde taýýarlamalydyr we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagy üçin bermelidir.

5. «Harby sudlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992 ýylyň 13 aprelinde çykaran № 362 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

6. Şu Perman gol çekilen pursatyndan başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 6-njy iýuny

№ PP-2233

Ссылается на