L. N. Konýuşkowa, M. Öwezow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
L. N. Konýuşkowa, M. Öwezow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň
kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5682-nji madda)
Daş-töweregi goramak, Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmagy üpjün etmek işine goşan saldamly goşandy, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky baş uprawleniýesiniň Balkan welaýat Gidrometeorologiýa merkeziniň awiameteorologik stansiýasynyň başlygy Lýubow Nikolaýewna Konýuşkowany,
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Ahal welaýat tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak uprawleniýesiniň döwlet inspektory Muhammet Öwezowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 4-nji iýuny
№ PP-2229