Ýoldaş M. Hüseýinowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş M. Hüseýinowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5681-nji madda)
Daş töwerekdäki tebigaty goramak, ekologik ýagdaýy durnuklylaşdyrmak we Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmagy üpjün etmek işine goşan uly goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Amyderýa döwlet gorughanasynyň direktory ýoldaş Myratguly Hüseýinowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 4-nji iýuny
№ PP-2228