Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasyny döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasyny döretmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 2, 1022-nji madda)

Azyk önümleriniň, agyz suwunyň hiline netijeli kontrollyk etmek we Türkmenistanyň ilatynyň sanitariýa babatda abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasy hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamagy we tassyklamagy Ministrler Kabinetine tabşyrmaly.

3. Degişli funksional podrazdeleniýeleri bellenilen tertipde Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa inspeksiýasynyň garamagyna bermegi Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 4-nji fewraly

№ PP-762