Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 394-nji madda)

Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

l. «Harby bölümiň söweşjeň baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 1734-nji Permany bilen tassyklanan:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň harby bölümleriniň söweşjeň baýdagy hakyndaky Düzgünnamanyň mazmunynda «simwoly», «territorial», «wedomstwolaryň», «nomeriniň», «duşman», «komandiri», «harby suda» diýen sözleri degişlilikde «nyşany», «çäk», «pudak edaralarynyň», «sanynyň», «garşydaş», «serkerdesi», «kazyýete» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

Harby bölümiň söweşjeň baýdagynyň Teswirini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň harby bölümleriniň söweşjeň baýdagy (mundan beýläk - Baýdak) iki taraply matadan, sapdan hem-de gotazly bagdan ybaratdyr.

Baýdak gönüburçly görnüşli matasy iki eplenen, syk dokalan ýaşyl ýüpek matadan taýýarlanylýar. Gyralaryna üç tarapdan altynsow öwüşginli ýüpek seçek tikilýär. Baýdagyň uzynlygy 145 santimetre, ini 115 santimetre barabardyr.

Matanyň ýüz we arka taraplarynyň ýokarky çep burçunda taraplary 25 santimetr bolan şertli dörtburçlukda ýerleşdirilen ak reňkdäki ýarymaýyň we bäş sany ýyldyzyň şekili ýerleşdirilýär. Matanyň ýokarky hem-de Baýdagyň sapy tarapyndaky gyrasyndan şertli dörtburçlugyň çetine çenli aralyk 10 santimetr.

Matanyň ýüz tarapynyň merkezinde diametri 50 santimetr bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekiliniň ýokarsynda «EZIZ WATAN», aşaky tarapynda «TÜRKMENISTAN ÜÇIN!» diýen altynsow öwüşginli sapak bilen ýazylan ýazgy ýerleşdirilendir. Harplaryň beýikligi 10 santimetr, ýokarky tarapda ýazylan harplaryň göwrümi 12 santimetr, aşaky tarapda ýazylan harplaryň göwrümi 7,5 santimetr.

Matanyň arka tarapynyň merkezinde diametri 50 santimetr bolan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby gullukçylarynyň ýeň nyşanynyň şekili ýerleşdirilýär. Onuň ýokarsynda altynsow öwüşginli sapak bilen degişlilikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýa-da beýleki goşunlarynyň ady ýazylýar. Harplaryň beýikligi 4,5 santimetre, göwrümi 3,5 santimetre çenli kiçeldilip bilner. Ýeň nyşanynyň şekiliniň aşagynda Baýdagyň aşaky gyrasyndan 7,5 santimetr ýokarda beýikligi 7,5 santimetre çenli bolan altynsow öwüşginli sapak bilen harby bölümiň hakyky adynyň ýazgysy ýerleşdirilýär.

Baýdagyň sapy diametri 4 santimetre, boýy 250 santimetr bolan ýonulan togalak agaçdyr. Ol goýy goňur reňk bilen reňklenip laklanandyr we aşaky ujunda metal halka, ýokarky ujunda bolsa, uzynlygy 20 santimetr bolan uçluk bar. Uçlugyň içinde sekizburçlugyň şekili ýerleşdirilen.

Baýdagyň iki sany işilen gotazly bagy altynsow öwüşginli ýüpek sapakdan taýýarlanan. Gotazly bagyň diametri 1 santimetr, aýratynlykda gotazyň uzynlygy 25 (düwni 10 santimetr, seçegi 15 santimetr) santimetr. Birinji bagyň uzynlygy gotazy bilen bilelikde 110 santimetr, ikinji bagyň uzynlygy bolsa, gotazy bilen bilelikde 140 santimetr.»;

Harby bölümiň söweşjeň baýdagyny gowşurmagyň, bermegiň, gorap saklamagyň hem-de saklamagyň Tertibinde:

mazmunynda:

«harby okuw jaýlaryna», «wedomstwolaryň», «gowşa», «punktlarda», «birleşmäniň», «transporty», «çasowoýlaryň», «goş-golam», «Tyl ştabyna», «gozgaýar» diýen sözleri degişlilikde «harby okuw mekdeplerine», «pudak edaralarynyň», «erkin», «nokatlarda», «birikmäniň», «ulag», «sakçy», «egin-eşik», «Baş üpjünçilik we tyl müdirligine», «ýazýar» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

Ýaragly Güýçlere, assissente, komandire, komanda, doklad etmäge, doklada, ortasyna, gimne, nomere, naçalnige, gerbe, ştaba, kazarma, ştab naçalnigine, komissiýa, akta salgylanmalary degişlilikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, kömekçä, serkerdä, buýruga, hasabata, merkezine, sena, sana, başlyga, tugra, dolandyryş merkezine, hemişelik ýerleşýän ýerine, dolandyryş merkeziniň başlygyna, topara, delilnama salgylanmalar bilen çalşyrmaly;

«flot ekipažlaryna», «(pola)» diýen sözleri aýyrmaly;

4-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Söweşjeň baýdagy gowşurylyş dabarasyna alyp çykmak üçin harby bölümiň serkerdesi öz buýrugy bilen seržantlar, starşinalar ýa-da ofiserler düzüminden bolan, harby gullukda we söweşjeň taýýarlykda has-da tapawutlanan, döwlet sylaglary bilen sylaglanan, göreldeli harby gullukçylaryň hataryndan baýdak göterijini, iki sany kömekçisini hem-de baýdakçy wzwody belleýär.»;

14-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«14. Söweşjeň baýdagy alyp gitmegiň we getirmegiň tertibi, onuň nyzamdaky ýagdaýy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Nyzam ustawy, ony goramagyň tertibi bolsa, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Garnizon we garawul gulluklarýnyň ustawy arkaly kesgitlenilýär.».

2. «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçiyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan:

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň» diýen sözlerden soň «we Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň» diýen sözleri goşmaly;

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň sanawynda:

9-njy bölüminden soň şu mazmunly 10-njy bölümi goşmaly:

«10. Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy boýunça:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenýänler we wezipeden boşadylýanlar:

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktorynyň orunbasary.».

II. «Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 4243-nji Permanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2005-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 100-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 13-nji oktýabry.

№ PP-206