Talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 12, 664-nji madda)
Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek we talyp hem-de okuwçy ýaslaryň durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
2000-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň talyplarynyň hem-de okuwçylarynyň talyp haklarynyň möçberlerini 2 esse artdyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 1-nji dekabry
№ PP-3264