Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler
girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 8, 406-njy madda)
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryna üýtgetmeler girizmeli:
1. «Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992- ýylyň 6- ýanwarynda çykaran № 250 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1992- ý., № 1, 4-madda) 5-bölüminde:
a) «g» kiçi bölüminde:
ikinji bendi aýyrmaly;
üçünji bendinde «iki esse möçberini» diýen sözleri aýyrmaly;
bäşinji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«salgyt salynýan binýatlaryň azaldylanlygy ýa-da hasaba alynmandygy (yaşyrylandygy) üçin býujete salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň möçberleri, ýa bolmasa umuman hasaba alynmadyk ýa-da olaryň ýalňyş hasaplanylmagy sebäpli azaldylan şu tölegleriň möçberleri»;
altynjy, ýedinji we dokuzynjy bentlerinde «we býujetden daşary gaznalara» diýen sözleri aýyrmaly;
b) «h» kiçi bölüminde:
«ýa-da býujetden daşary gaznalara» diýen sözleri aýyrmaly;
«0,3 prosenti» diýen sözleri «müňden 1 bölegi möçberde» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Bellik: (Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.03.2005 ý. № PP-4243 Permany esasynda güýjüni ýitirendigi sebäpli, 1-nji bölüm F.G.Ý.).
2. «Býujete salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997- ýylyň 1- dekabrynda çykaran № 3415 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997 ý., № 11-12, 6055-madda) 3 bölüminde «0,5 proseni möçberinde" diýen sözleri «müňden 3 bölegi möçberinde» diýen sözler bilen çalşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 31-nji awgusty
№ PP-3171