Ýoldaş S.M.Caryýarowa harby ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş S.M.Caryýarowa harby ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 6, 304-nji madda)
Harby yörişi ýokary derejede guramaga we geçirmäge iseňňir gatnaşandygy, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň Komanduýuşisi general-maýor Serdar Meretmuhammedowiç Çaryýarowa general-leýtenant diýen harby ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 27-nji iýuny
№ PP-3134