Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Raýatlaryň eýeçilik hukugyny üpjün etmek baradaky çäreler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Raýatlaryň eýeçilik hukugyny üpjün etmek baradaky çäreler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Raýatlaryň eýeçilik hukugyny üpjün etmek baradaky çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 246-njy madda)

Raýatlaryň eýecilik hukugyny netijeli durmuşa geçirmek we onuň el gatylmazlygyny üpjün etmek, şeýle hem raýatlaryň eýeçiligindäki desgalary aýrybaşgalamagyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly bellenilen tertibini berk berjaý etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Raýatlaryň emläginiň esassyz ýa bolmasa bikanun elinden muzdsuz alynmagyny we alynmagyny eýeçilik hakyndaky konstitusion kadalaryň gödek bozulmagy hasap etmeli.

Döwlet edaralarynyň raýatlaryň emlägini esassyz ýa bolmasa bikanun elinden muzdsuz almakda ýa-da almakda günäkär bolan wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda düzgün-nyzam, edara ediş ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň başlygy garamagyndaky edaralarda kanunylygy üpjün etmek boýunça raýatlara degişli bolan harytlaryň we zatlaryň alynmagy bilen baglanyşykly meselelere garalan mahaly hyýanatçylyklaryň hem-de gulluk ygtyýarlyklaryndan geçilmeginiň halatlarynyň aradan aýrylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaly we tassyklamaly, şeýle hem şolaryň ýerine ýetirilişine täsirli gözegçiligi üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Baş prokurory raýatlaryň eýeçiligindäki desgalary satyn almak we aýrybaşgalamak baradaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmeli hem-de bu ugurda kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegini üpjün etmeli.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi eýeçilik we ony goramak meseleleri boýunca kanunlary mundan beýläk-de kämiileşdirmek baradaky meselelere bir aý möhletde garamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişli teklipleri bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 4-nji maýy

№ PP-3104