Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir

ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 3, 160-njy madda)

Bitarap Türkmenistan döwletimiz we onuň edermen halky özüniň altyn asyry - XXI asyra aýgytly gadam basdy. 1999-yylyň 27-29-dekabrynda bolup geçen Türkmenistanyň yaşulularynyň IX Döwlet maslahatynyň, Halk maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki taryhy mejlisinde «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-ýyyla çenli döwür üçin baş ugry» we TÜRKMENlŇ ALTYN ASYRYNYŇ YKDYSADY MAKSATNAMASY kabul edildi. Bu maksatnama bolsa agzybir, edermen, gahryman türkmen halkymyzyň geljek ykbal ýoluny kesgitleýän, ony baky rowaçlyga, bagtly we ýagty günlere alyp barýan taryhy karardyr.

Türkmenistan döwletimiz özüniň Beyik Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň netijesinde eziz ülkämizde ulag we ýol gurluşyk ulgamyny ösdürmegiň täze eýýamy açyldy. Bary-ýogy sekiz ýylyň içinde türkmen halkymyz öz güyjüniň, öz serişdeleriniň hasabyna Tejen-Sarahs-Maşat, Türkmenabat-Kerki demir ýollaryny gurmagyň hötdesinden geldi. Bu gün olar ýurdumyza, onuň edermen halkyna hyzmat edip, bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge, goňşy dostlukly döwletler bilen gatnaşyklarymyzy ilerletmäge goşant goşýar. Öz güýji, öz serişdesi bilen şunuň ýaly ägirt uly gurlyşyklary bina edýän döwletler bolsa dünýäde azdyr.

Türkmeniň Altyn Asyrynyň ykdysady maksatnamasynda bolsa eziz Watanymyzyň ýol gurluşyk ulgamyny düýpli özgertmegi we ösdürmegi göz öňünde tutduk. Türkmen halkymyzyň altyn asyry - XXI asyryň ilkinji taryhy günlerinde şol ykbal täsirli Maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzyň demir ýol we gara ýol ulgamyny biri-birinden aýrylmaýan bütewi altyn halka sepleşdirmek, welaýatlaryň we uzakda ýerleşyän etraplaryň, obalaryň hem-de olaryň ilatynyň durmuş- ykdysady ýagdaýyny düýpli özgertmek, welaýatiaryň, etraplaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary biri-biri bilen has-da baglanyşdyrmak, Garagum çölüni lälezarlyga, bagy-bossanlyga öwürmek, durky-durmuşy bilen genji-hazyna beslenen Garagum çölüniň ýerasty, ýerüsti baýlyklaryndan halkymyzyň eşreti üçin peýdalanmak, müňlerçe gektar ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek, täze demir we gara ýoluň boyunda täze şäherçeleri, obalary döretmek, ösüp barýan ýaş neslimizi ýokary aýlykiy iş ýerleri bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. 2000-ýylyň 30 martyndan başlap uzynlygy 530 km., umumy bahasy 1,5 mlrd amerikan dollaryna golaý bolan täze Aşgabat- Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlamaly we 2005-ýylyň 27-oktýabryna çenli ulanmaga bermeli.

2. Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň ileri tutulýan möhüm syýasy we ykdysady ähmiýeti bolan gurluşygy diýip kesgitlemeli.

3. «Türkmendemirýollary» uprawleniýesi we «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni öz serişdeleriniň hasabyna degişlilikde täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoluny we tizlikli awtomobil ýoluny ähli emeli desgalary bilen bilelikde taslamagy hem- de gurmagy üpjün etmeli.

4. Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demirýoluny we tizlikli awtotnobil ýoluny gurmak üçin ýerleri bermegi bellenilen tertipde üpjün etmeli, şeýle hem öz serişdeleriniň hasabyna gurluşygyň zolagyna düşýän, bar bolan binalaryň ýykylyp aýrylmagy baradaky işleri ýerine ýetirmeli.

5. Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligi öz serişdeleriniň hasabyna güýç berýän stansiýalar we täze Aşgabat- Garagum-Daşoguz demir ýolunyň ugrunda stansiýalar bilen bilelikde, 10 kW kuwwaty bolan iki sany elektrik geçiriji ulgamy çekmeli.

6. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz serişdeleriniň hasabyna täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda ähli kömekçi desgalar bilen bilelikde, aragatnaşyk ulgamyny hem-de aragatnaşygyň süýümini-optiki ulgamyny çekmeli.

7. Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň ýokarky bölegini gurmaga serişdeleri we üpjünleýji önümleri satyn almak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk tebigy gazyň ýerlenilmeginiň hasabyna 70,0 million amerikan dollary mukdarda kliriň boýunça bellenilen möçberi «Türmendemirýollary» uprawleniýesine belli bir maksada gönükdirip bermeli.

8. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary ýoldaş H.Halykow işleri umumy ýagdaýda utgaşdyrmaly we şu Permanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 30-njy marty

№ PP-3083