Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň jenaýat-hukuk syýasatyny ynsanperwerleşdirmek baradaky çäreler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň jenaýat-hukuk syýasatyny ynsanperwerleşdirmek baradaky çäreler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň jenaýat-hukuk syýasatyny ynsanperwerleşdirmek baradaky çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 3, 149-njy madda)

Türkmen halkynyň altyn asyrynyň başlanmagy Türkmenistanyň döwlet we jemgyyetçilik durmuşynda beyik işleriň amala aşyrylmagy bilen şöhratlandy. Bu döwür hakykatdan hem demokratik we hukuk döwletini gurmagyň yöreigeleriniň, ynsanperwerlik we adalatlylyk taglymlarynyň iş yüzünde işjeň durmuşa ornaşdyrylmagynyň döwri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna girer.

Biziň Watanymyz garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinde Türkmenistanyň düybi tutulan döwlet-hukuk baş ugry türkmeniň milli döwletliliginiň we yurdumyzyň häzirki zaman hukuk ulgamynyň gysga wagtyň içinde döredilen özboluşly ülnüsinde öz ösüşine eye boldy.

Durnuklylygyň jemgyyetdäki rayat agzybyrliginiň we ylalaşygynyň, hukuk tertibiniň hem-de kanunylygyň yokary derejesiniň Türkmenistanda yöredilyän syyasy ugruň esasy netijeleri bolup durýandygyny häzirki wagtda biz buýsanç hem-de uly ynam bilen aýdyp bileris. Şeýle şertler ynsanperwer hukuk syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek üçin iňňän möhüm şertler bolup durýar. Soňky ýyllarda kabul edilen we Türkmenistanda adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny doly derejede üpjün etmäge gönükdirilen iş ýüzündäki deňsiz-taýsyz çäreleriň birnäçesi bu ýagdaýyň aýdyň şaýady bolup durýar. Ölüm jezasynyň ýatyrylmagy, yzygiderli kabul edilýän günä geçmek, tussagdan hem-de jezadan boşatmak namalary, azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jeza çärelerinin uly tapgyrynyň girizilmegi hem-de ulanylmagy şol çäreleriň arasynda möhüm orny eyeleýär. Munuň özi Türkmenistanyň öz içeri syýasatynda halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň esasy yörelgelerine ýykgyn edýändigini hem-de olary durmuşa geçirýändigini doly derejede äşgär görkezýär.

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik we adamkärçilik taglymlaryna esaslanan taryhy däplerini ösdürmek, ynsanperwer hukuk babatda ulanarlykly iş usullaryny emele getirmek, şeýle hem jenaýat eden adamlaryň düzelmegi hem-de gaýtadan terbiýelenmegi boýunça işiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň sud edaralarynyň işine döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda jemgyýetçilik guramalarynda wezipe eýelän adamlar, şeýle hem harby gullukçylar barasynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 181 (Wezipe ygtyýarlaryny hyýanatly peýdalanmak), 182 (Wezipe ygtyýarlarynyň çäginden çykmak), 184 (Para almak), 229 (Ynalynan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlikleri üçin belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek jenaýat jeza çäresini ulanmagy girizmeli.

2. Türkmenistanyň Ýokary sudy, Türkmeinstanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň içeri işler ministrligi kanun arkaly bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde şu Permany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly iş yüzündäki çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaly hem-de amala aşyrmaly.

3. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň Ýokary sudy, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üytgetmeleri we goşmaçalary ulanylýan kanunlara girizmek baradaky teklipleri bir hepde möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrier Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 3-nji marty

№ PP-3072

Ссылается на