Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Käbir kanunçylyk namalaryna üytgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Käbir kanunçylyk namalaryna üytgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Käbir kanunçylyk namalaryna üytgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 2, 109-madda)

Türkmenistanyň hojalyk sudlarynyň ýapylmagy bilen baglanyşykly, karar edyärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 8-sentýabrynda çykaran № 2611 Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň hünär derejesini kesgitleýji geňeşler hakyndaky Düzgünnamada (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1998-ý. № 9, 7466-madda) VI bölüminiň 1-bölegine «Türkmenistanyň Ýokary sudunyň» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Araçy sudunyň» diýen sözleri goşmaly.

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyn 8-sentyabrynda çykaran № 2607 Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalarynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi, olary yzyna çagyrmak we möhletinden ön wezipeden boşatmak hakyndaky Düzgünnamada (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1998ý., № 9 7464-madda);

1. 2-bölege şu mazmunly «b» kiçi bölegi goşmaly:

«b) Türkmenistanyň Araçy sudunyň başlygynyň we sudýalarynyň»;

«b» kiçi bölegi degişlilikde «ç» kiçi bölegi diýip hasaplamaly.

2,3-bölege ikinji bentden soň şu mazmunly üçünji bölegi goşmaly:

«Türkmenistanyň Araçy sudunyň sudýalary barasynda - şol suduň başlygyna»;

dördünji bendi degişlilıkde bäşinji bent diýip hasap etmeli we oňa «Türkmenistanyň ýokary sudunyň başlygy» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Araçy sudunyň başlygy» diýen sözleri goşmaly.

3.5-bölegiň ikinji bendine «Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygy» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyn Araçy sudunyň başlygy» diýen sözleri goşmaly.

4. 17-bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«17. Düzgün-nyzam işi boýunça çözgüdiň nusgasy çözgüt çykarylan pursatdan başlap 3 gün möhletde özi barasynda çözgüt çykarylan sudýa we düzgün-nyzam iş önümçiligini gozgan adama, Türkmenistanyň Araçy sudunyň, welaýat we Aşgabat şäher sudlarynyň sudýalaty barasynda bolsa - Türkmenistanyň Araçy sudunyň, welaýat we Aşgabat şäher sudlarynyň başlyklaryna iberilýär».

5.23-bölege şu mazmundaky dördünji bendi goşmaly:

«Türkmenistanyň Araçy sudunyň sudýalary barasynda -şol suduň başlygyna»;

dördünji, bäşinji we altynjy bentlert degişlilikde bäşinji, altynjy we ýedinji bentler diýip hasap etmeli.

6. 24-bölegiň üçünji bendine «Türkmenistanyň ýokary sudunyň sudýalary» diyen sözlerden soň «Türkmenistanyň Araçy sudunyň, başlygy we sudýalary» diyen sözleri goşmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 14-nji fewraly

№ PP-3055