Şahsy adamlardan girdeji salgydy baradaky Düzgünnama üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Şahsy adamlardan girdeji salgydy baradaky Düzgünnama üýtgetmeler girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 589-njy madda)
«Şahsy adamlardan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-ýylyň 23- dekabrynda çykaran № 2998 Permany bilen baglanyşykly, karar edýärin:
«Şahsy adamlardan girdeji salgydy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-ýylyň 6 dekabrynda çykaran № 252 Permany bilen tassyklanylan, şahsy adamlardan girdeji salgydy baradaky Düzgünnamanyň (oňa girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary nazara alyp) 3-böleginiň ýigrimi birinji we ýigrimi ikinji bentlerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 31-nji dekabry
№ PP-3005