Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 12, 587-nji madda)

Garaşsyz we bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň «altyn asyry» boljak XXI asyry jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynda ägirt uly we taryhy ähmiýetli özgerişlikler bilen garşylaýar.

Türkmen döwletiniň häzirki zaman milli nusgasy biziň ata-babalarymyzyň beýik filosofik we ynsanperwerlik taglymatyna, türkmen halkyna ozaldan mahsus bolan adamkärçiligiň we adalatlylygyň özboluşly milli sypatlaryna esaslanýar.

Halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alyp, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip ykrar etdi. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny iş ýüzünde dolulygyna üpjün etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň esasy özenine öwrüldi. Döwlet ilatyň we her bir adamyň syýasy, durmuş, maddy hem ruhy erkinligini, sosial goraglygyny ähli güýji bilen kepillendirýär.

Türkmen döwletiniň berkemegi, ýurtdaky syýasy durnuklylyk, agzybirlik, raýat ylalaşygy, kanuna hormat goýmak däbi, halkyň hukuk we ruhy medeniýetiniň ösen derejesi, onuň «altyn asyrynda» bagtly ýaşajakdygyna bolan berk ynamy döwletiň jenaýat-hukuk syýasatynyň ynsanperwerligini mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda deňsiz-taýsyz karary döwlet derejesinde kabul etmäge mümkinçilik döredýär.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga tarap ugry yzygiderli durmuşa geçirip, adamyň we onuň ýaşaýşynyň jemgyýetiň ýokary gymmatlygydygyny goldanyp, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň we ynsanperwerliligiň ýokary taglymlaryndan ugur alyp we adamyň ýaşaýşynyň tebigy we mizemez hukugyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanda ölüm jezasyny doly ýatyrmaly.

2. Türkmenistanda ölüm jezasynyň girizilmegini we ulanylmagyny ebedilik gadagan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 28-nji dekabry

№ PP-3003