Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibi hakyndaky

Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999 ý., № 11, 546-madda)

Harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 15-nji noýabry

№ PP-2982

Türkmenistanyň Prezidentiniň

1999-ýylyň 15 noýabrynda

çykaran № PP-2982 Permany

bilen tassyklanyldy

Harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibi hakynda

DÜZGÜNNAMA

I. UMUMY DÜZGÜNLER

1. «Goranmak hakyndaky», «Harby borçluluk we harby gulluk hakyndaky», «Türkmenistanda mobilizasion taýýarlyk we mobilizasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda zapasdaky ofiserler, seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar harby gulluga we harby tehnika hyzmat etmäge taýýarlamak ýa-da gaýtadan taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de beýleki goşunlaryň harby bölümlerine, harby edaralaryna we harby okuw jaýlaryna (mundan beýläk - harby bölümler) harby ýygnanyşyklara çagyrylyp bilner.

Harby ýygnanyşyklary başga maksatlar üçin geçirmäge ýol berilmeýär.

2. Harby ýygnanyşyklar parahatçylykly döwürde azaldylan sanda saklanylýan harby bölümleriň söweşjeň we mobilizasion taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin, şeýle hem harby döwürde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini we beýleki goşunlary mobilizlemek hem-de üstüni ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrmak üçin zerur bolan harby tälimi alan adamlary taýýarlamak we zapasda toplamak üçin niýetlenilendir.

3. Harby ýygnanyşyklar diňe Türkmenistanyň Prezidentiniň zapasdaky adamlaryň ýygnanyşyklara çagyrylmaly sanyny we möhletlerini kesgitleýän Permany esasynda geçirilýär.

4. Her bir harby ýygnanyşygyň dowamlylygy we anyk wezipeleri, onuň geçirilmeli ýeri hem-de wagty Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, kanun arkaly özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we wedomstwolaryň ýolbaşçylarynyň buýruklary bilen kesgitlenilýär.

5. Her bir harby ýygnanyşygyň dowamlylygy 2 aýdan geçmeli däldir.

Raýatlaryň zapasda bolan wagtynda çekilýän harby ýygnanyşyklarynyň umumy dowamlylygy 12 aýdan geçmeli däldir.

Raýatlary harby ýygnanyşyklara çagyrmagyň ýygylygy 3 ýylda bir gezekden ýygy bolmaly däldir.

6. Harby ýygnanyşyklaryň geçilýän wagty raýatyň harby gullugynyň umumy dowamlylygyna hasaplanylýar.

7. Raýata harby ýygnanyşyklary geçmegiň jemleri boýunça «Harby borçluluk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 50 maddasy bilen bellenilen tertipde nobatdaky harby at dakylyp bilner.

8. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby ýygnanyşyklary geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Beýleki goşunlarda harby ýygnanyşyklar, eger başgaça aýdylyp geçilmedik bolsa, şunuň ýaly tertipde geçirilýär.

II. HARBY ÝYGNANYŞYKLARYŇ GÖRNÜŞLERI

9. Zapasda bolýan raýatlaryň (mundan beýläk - zapasdaky raýatlar) harby taýýarlygynyň maksatlary we häsiýeti boýunça harby ýygnanyşyklar şu görnüşlere bölünýär:

a) ýazga alnan düzümiň zapasdaky raýatlary mobilizasion meýilnama boýunça ýazylan birlikleriniň, harby bölümleriniň we birleşmeleriniň düzüminde degişli hünärler hem-de wezipeler boýunça taýýarlamak boýunça harby ýygnanyşyklary;

b) zapasdaky raýatlary Ýaragly Güýçler üçin has gyt (ýetmeýän) hünärler boýunça taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak hem-de olaryň harby bilimlerini kämilleşdirmek boýunça harby ýygnanyşyklar;

ç) zapasdaky raýatlaryň eldegrilmesiz gordaky ýaraglary, harby tehnikany we emlägi öwrenmek bilen, şol bir wagtyň özünde olara hyzmat etmek boýunça harby ýygnanyşyklary.

10. Ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklarynda:

zapasdaky ofiserleri, seržantlary, starşinalary, esgerleri we matroslary mobilizasiýada ulanyljak hünärleri hem-de wezipeleri boýunça taýýarlamak;

harby wagta laýyk guralan we wezipeleri üpjünlenen toparlaryň, birlikleriň, harby bölümleriň we birleşmeleriň söweşjeň sazlaşygyny ýola goýmak;

harby bölümleriň we birleşmeleriň mobilizasion meýilnamalarynda göz öňünde tutulan aýry-aýry çäreleriň we hasaplamalaryň mümkinçiligini barlamak geçirilýär.

11. Zapasdaky raýatlary taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň harby bilimlerini kämilleşdirmek boýunça harby ýygnanyşyklarda:

zapasdaky ofiserleri ýokarky wezipelere taýýarlamak;

zapasdaky seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň arasyndan zapasdaky ofiserleri taýýarlamak;

ýaraglaryň we harby tehnikanyň täze görnüşleri boýunça zapasdaky raýatlaryň, şeýle hem mobilizasiýa meýilnamasy boýunça Ýaragly Güýçleri üpjünlemek üçin zerur bolan beýleki hünärmentleriň harby bilimlerini hem-de taýýarlygyny kämilleşdirmek geçirilýär.

12. Eldegrilmesiz gordaky ýaraglara, harby tehnika we emläge hyzmat etmek boýunça harby ýygnanyşyklarda zapasdaky raýatlara hyzmat edilýän tehnika öwredilýär, şeýle hem şol tehnikany işletmek we söweşde ulanmak boýunça başarnyklar kemala getirilýär.

III. HARBY ÝYGNANYŞYKLARYŇ MEÝILNAMASYNY DÜZMEK

13. Ýaragly Güýçlerde harby ýygnanyşyklary geçirmek boýunça çäreleri umumy meýilnamasy raýatlary ýygnanyşyklara çagyrmagyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bellenilen möçberi hem-de möhletleri esasynda Baş ştab tarapyndan düzülýär.

14. Ýaragly Güýçleriň görnüşleri we kysymlary hem-de gulluklar boýunça harby ýygnanyşyklary geçirmek baradaky teklipleri Baş ştabyň belleýän tabşyryklary esasynda Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Baş ştabyň degişli baş uprawleniýeleri, uprawleniýeleri, bölümleri (mundan beýläk - merkezi uprawleniýeler) işläp taýýarlaýar. Tekliplerde ýygnanyşyklaryň görnüşi, olaryň geçirilýän ýeri we möhletleri, her bir hünär boýunça ýygnanyşyklara çagyrylmaga degişli zapasdaky raýatlaryň sany hem-de ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklarynda ýaýbaňlandyrmak çak edilýän anyk birikmeler, harby bölümler görkezilýär.

Düzgünli harby bölümlerde, şeýle hem zapasdaky raýatlar aýratyn möhüm, doly gizlin, gizlin işler, tehnika hem-de resmi kagyzlar bilen baglanyşykly bolan beýleki bölümlerde harby ýygnanyşyklaryň meýilnamasy düzülen mahaly tekliplerde şu bölümlere harby ýygnanyşyklara çagyrylýan zapasdaky raýatlarda syr elýeterliliginiň haýsy görnüşiniň bolmalydygy görkezilýär. Zapasdaky raýatlar üçin syr elýeterliliginiň görnüşi şertnama boýunça we çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin bolan tertipdäki ýaly tertipde kesgitlenilýär.

15. Baş ştabyň başlygynyň buýrugy we harby ýygnanyşyklaryň umumy meýilnamasyndan göçürmeler esasynda Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablary we merkezi uprawleniýeler:

a) Ýaragly Güýçleriň görnüşleri ýa-da merkezi uprawleniýelere tabyn harby bölümler boýunça harby ýygnanyşyklary geçirmegiň meýilnamalaryny;

b) geljekki okuw ýylynda goşunlaryň söweşjeň, mobilizasiýa we jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygy boýunça çäreleri hasaba almak bilen, zapasdaky raýatlaryň tabynlygyndaky goşunlarda harby ýygnanyşyklaryny guramak hem-de geçirmek meseleleri boýunça okuw maksatnamalaryny, usul öwrediş ündemelerini we zerur görkezmeleri;

ç) zapasdaky raýatlaryň sany we olary harby ýygnanyşyklara çekmegiň möhletleri hakyndaky maglumatlary işläp taýýarlaýarlar, olar harby ýygnanyşyklary maddy we maliýe taýdan üpjün etmegiň meýilnamasyny düzmek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl uprawleniýesine hem-de Maliýe - meýilnama düzüş uprawleniýesine iberilýär.

16. Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarlary, Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň komanduýuşileri, merkezi uprawleniýeleriň başlyklary harby ýygnanyşyklary geçirmek üçin buýrugy alan mahaly anyk harby bölümleri we birikmeleri, hünärler boýunça zapasdaky raýatlary çagyrmagyň möçberini, ýygnanyşyklary geçirmegiň möhletlerini, şeýle hem ýygnanyşyklary maddy-tehniki taýdan üpjün etmek, okuw meýdançalaryny we atyşhanalary paýlamak, döwlet hem-de harby syry gorap saklamak baradaky çäreleri görkezmek bilen, goşunlara meýilnamalary we buýruklary işläp taýýarlaýarlar.

Ýygnanyşyklary geçirmegiň möhletleri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri bilen ylalaşylýar.

Harby ýygnanyşyklaryň meýilnamalarynda harby bölümleriň ýaýbaňlandyrylmagy başlanýança 10 gün öňünden ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklaryna zapasdaky ofiserleri çagyrmak göz öňünde tutulýar. Tehniki we hojalyk taýdan hyzmat ediji birliklere we bölümlere zapasdaky raýatlar ýygnanyşyklary üpjün etmek üçin zerur bolan sanda çagyrylýar, şunda awtotraktor tehnikasynyň sürüjileri diňe halk hojalygyndan iberilýän we eldegrilmesiz gordan (konserwasiýadan) alynýan, wezipeler boýunça sürüjiler göz öňünde tutulmadyk maşynlaryň sany boýunça çagyrylýar.

IV. ZAPASDAKY RAÝATLARY HARBY ÝYGNANYŞYKLARA ÇAGYRMAK WE IBERMEK

17. Zapasdaky raýatlar harby ýygnanyşyklara Türkmenistanyň Goranmak ministriniň buýruklary we sanawlar boýunça harby komissarlyklar tarapyndan çagyrylýar. Adatça, mobilizasiýa meýilnamasy boýunça harby bölümlere ýazylan zapasdaky raýatlar ýygnanyşyklara ilkinji nobatda çagyrylmaga degişlidir.

18. Harby komissarlyklar zapasdaky raýatlaryň harby ýygnanyşyklara oňat hilli seçilip alynmagy, wagtynda iberilmegi we sanawlaryň doly ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler. Harby komissarlyklar zapasdaky raýatlary harby ýygnanyşyklara özleri üçin adamlar taýýarlanylýan harby bölümleriň degişli komandirleri bilen bilelikde seçip alýarlar.

19. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 49 maddasynda görkezilen raýatlaryň toparlary, şeýle hem aýry-aýry raýatlar harby ýygnanyşyklara çagyrylmakdan boşadylýar.

20. Ýetmeýän hünärler boýunça zapasdaky raýatlary taýýarlamak we olaryň bilimlerini kämilleşdirmek üçin harby ýygnanyşyklara şular çagyrylýar:

a) harby bilimlerini kämilleşdirmek üçin - esasan raýat ýokary okuw jaýlarynda harby taýýarlygy geçen we ofiser wezipelerinde Ýaragly Güýçlerde gulluk etmedik zapasdaky ofiserler, şeýle hem teoretik we iş ýüzünde harby taýýarlygy pes derejede bolan zapasdaky ofiserler. Ýokarky wezipelere taýýarlamak üçin oňat harby taýýarlygy, iş ýüzünde goşunlarda tejribesi we ösüş geljegi bolan zapasdaky ofiserler çagyrylýar;

b) zapasdaky seržantlardan, starşinalardan, esgerlerden we matroslardan zapasdaky ofiserleri taýýarlamak üçin:

komandirler ugurlary boýunça -30-a çenli ýaşdaky, ýokary ýa-da orta bilimi bolan, goşunlaryň degişli kysymlarynyň hünärleri boýunça çagyryş boýunça harby gullugy geçen we saglyk ýagdaýy, işjeňlik we ahlak sypatlary boýunça bellenilen talaplara laýyk gelýän zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar;

inžener-tehniki we beýleki ugurlar boýunça - 35-e çenli ýaşdaky, harby taýýarlygyň ugruna kysymdaş hünärler boýunça ýokary ýa-da orta bilimi ýa-da şu ugur boýunça harby gullugyň tejribesi bolan, saglyk ýagdaýy boýunça harby gulluga ýaramly hem-de işjeňlik we ahlak sypatlary boýunça bellenilen talaplara laýyk gelýän zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar;

ç) zapasdaky raýatlary täze we ýetmeýän hünärlere taýýarlamak hem-de gaýtadan taýýarlamak üçin degişlilikde birinji derejeli, hünärleriň Baş ştab tarapyndan kesgitlenen sanawyna laýyklykda kysymdaş harby ýa-da raýat hünärleri hem-de degişli umumy ýa-da tehniki bilimi bolan zapasdaky ofiserler, seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar çagyrylýar, şol sanaw boýunça bolsa zapasdaky raýatlar harby ýygnanyşyklarda gaýtadan taýýarlanylmaga degişlidir.

21. Deslapdan degişli adamlary seçip almak we ýetmeýän hünärler boýunça taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek baradaky harby ýygnanyşyklara ibermek üçin zapasdaky raýatlar hakyndaky maglumatlary öwrenmek öňünden olary harby komissarlyklara çagyrmazdan, şahsy hasaba almagyň maglumatlary boýunça geçirilýär. Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäpler boýunça aýry-aýry adamlaryň ýygnanyşyklary geçmekden boşadylmagynyň mümkindigi nazara alnyp, degişli adamlary seçip almak prosent goşmaçasy boýunça geçirilýär.

Düzgünli bölümlerde ýygnanyşyklary geçmek üçin, şeýle hem batalýonyň (diwizionyň) komandiriniň orunbasaryndan şolara laýyk gelýän we ýokary wezipeler boýunça taýýarlamak üçin iberilmeli adamlar diýlip seçilip alnan zapasdaky ofiserler welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň harby komissarlarynyň hut özleri tarapyndan garalyp geçilýär we tassyklanylýar.

22. Harby razwedkanyň hünärleri boýunça taýýarlamak üçin harby ýygnanyşyklara zapasdaky ofiserler, seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar Baş ştabyň atly sanawy boýunça çagyrylýar.

23. Ýetmeýän hünärler boýunça taýýarlamak we kämilleşdirmek üçin harby ýygnanyşyklara saglyk ýagdaýy boýunça goşunlaryň degişli kysymynda (gullugynda) we belli bir wezipelerde gulluk etmäge ýaramly zapasdaky raýatlar iberilýär, munuň üçin olar ýygnanyşyklara iberilmezinden öň hökmany suratda medisina taýdan güwä geçilýär.

Ýazga alnan düzüm ýygnanyşyklara iberilen mahaly diňe öz saglyk ýagdaýy barada şikaýat eden zapasdaky raýatlar, şeýle hem awiasiýanyň hem-de guwwaslaryň uçuş-ýokary göteriş wezipeleriniň ýazga alnan düzüminiň ýygnanyşyklaryna iberilýän adamlar medisina taýdan güwä geçilýär. Görkezilen zapasdaky raýatlar gönüden-göni bölüme gelen mahaly - harby bölümde, harby komissarlyklaryň ýygnanyşyk ýerleriniň üsti bilen iberilen mahaly bolsa - ýygnanyşyk ýerlerinde güwä geçilýär.

Uçuş-ýokary göteriş düzüm uçujylar üçin lukmanlyk komissiýalarynda medisina taýdan güwä geçilmäge degişlidir.

Medisina taýdan güwä geçilmeginiň netijeleri hakynda zapasdaky ofiserleriň şahsy işinde degişli harby lukmanlyk komissiýalarynyň delilhatlary goýulýar, zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar üçin ýany bilen ugradylýan atly sanawlarynda (№1 goşundy) «Bellikler» sütüninde ýörite bellik edilýär.

24. Milli howpsuzlyk edaralarynyň ygtyýar bermegi (razylygy) talap edilýän düzgünli hem-de beýleki bölümlere, edaralara we harby okuw jaýlaryna harby ýygnanyşyklara iberilmäge hödürlenilýän zapasdaky raýatlaryň ählisi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň degişli buýruklary bilen bellenilen tertipde şol edaralar bilen ylalaşylýar.

Ylalaşylmagy hakyndaky maglumatlar zapasdaky raýatlaryň harby biletlerine, şahsy işlerine we beýleki hasaba alyş-harby resmi kagyzlaryna bellenilen tertipde girizilýär, şolar zapasdaky raýatlaryň harby ýygnanyşyklarda aýratyn möhüm, doly gizlin hem-de gizlin işler, tehnika we resmi kagyzlar bilen iş salyşmagy üçin esas bolup durýar.

Şeýle halatda, eger zapasdaky raýatda milli howpsuzlyk edarasynyň ygtyýar bermegi (razylygy) hakynda harby biletde degişli bellik bar bolsa we onuň hereket edýän möhleti geçmedik bolsa, düzgünli bölümlerde ýygnanyşyklary geçmäge hukuk üçin resmi kagyzlary gaýtadan resmileşdirmek geçirilmeýär.

Milli howpsuzlyk edaralarynyň rugsatnamalary (razylygy) bolmadyk zapasdaky raýatlary şeýle rugsatnamalar talap edilýän bölümlere we edaralara harby ýygnanyşyklara ibermek gadagan edilýär.

Ikinji topardaky düzgünli bölümlerde ýygnanyşyklara zapasdaky raýatlar milli howpsuzlyk edaralary bilen ylalaşylman, ýöne şol gorkezilen bölümlere seçip almagyň bellenilen tertibini berjaý etmek bilen çagyrylýar.

25. Ýetmeýän hünärler boýunça taýýarlamak barada harby ýygnanyşyklara çagyrmak üçin degişli adamlar hökmünde seçilip alnan zapasdaky raýatlara, şeýle hem ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklaryna zapasdaky ofiserlere soňra olara harby ýygnanyşyklara ibermek üçin gelmeli möhleti we ýygnanyşyklaryň dowamlylygyny görkezmek bilen olara bellenilen nusgadaky çakylyklary gowşuryp, hasaba alyş maglumatlaryny barlamak hem-de medisina taýdan güwä geçmek maksady bilen öňünden habar berilýär. Kärhananyň ýolbaşçysyna habarnamada zapasdaky raýatlaryň harby ýygnanyşyklarda bolmaly möhleti ýygnanyşyklarda bolmaly wagtyny we harby bölüme çenli hem-de ýygnanyşyklardan gaýdyşyn ýolda bolmaly wagtyny hasaba almak bilen görkezilýär.

Zapasdaky seržantlara, starşinalara, esgerlere we matroslara ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryna çagyrmak hakynda mobilizasiýa meýilnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde we tertipde habar berilýär.

26. Harby komissarlyklar alnan sanawlara laýyklykda zapasdaky raýatlary harby ýygnanyşyklara ibermegi guraýarlar we amala aşyrýarlar.

Mobilizasiýa meýilnamalarynyň aýry-aýry çäreleriniň anykdygyny barlamak maksady bilen ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryna zapasdaky raýatlary çagyrmak we ibermek ýörite işlenilip taýýarlanylan, mobilizasiýa adalgalaryny görkezmezden mobilizasiýa hasaplamalaryna ulanarlykly ýagdaýda düzülen resmi kagyzlar boýunça geçirilýär. Bu ýygnanyşyklara zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar görkezilen hasaplamalarda göz öňünde tutulan möhletlerde we tertipde, zapasdaky ofiserler bolsa, eger olar öňünden çagyrylan bolsa, - serenjam beriş tertibinde iberilýär.

Ýetmeýän hünärler boýunça kämilleşdirmek we taýýarlamak üçin harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlar harby bölümlere tälim alyş okuwlary başlanýança bir gün öňünden ýygnanyşyklaryň geçirilýän ýerine olaryň gelmegini hasaplamak bilen iberilýär.

Zapasdaky bu raýatlar ýygnanyşyklara we gaýdyşyn demir ýol we awtomobil ulaglary bilen, aýry-aýry ýerlerde şol ulaglar bolmadyk mahaly - howa ulaglary bilen gatnadylmalydyr.

90 adama çenli sandaky zapasdaky raýatlaryň komandalary demir ýol ulaglarynda gidilen mahaly ýolagçy otlularynda gatnadylýar, 90 adamdan köp sanda bolanda Baş ştabyň görkezmesi bilen olar harby eşelonlar arkaly gatnadylyp bilner. Eşelonyň başlygy edilip hökman ofiser bellenilýär.

90 adamdan az sandaky komandalar iberilen mahaly komandanyň ýolbaşçysy harby ýygnanyşyklara gidýän zapasdaky raýatlaryň hataryndan bellenilýär. Aýry-aýry halatlarda welaýatyň we Aşgabat şäheriniň harby komissarynyň çözgüdi boýunça komandanyň ýolbaşçysy hökmünde harby komissarlygyň ofiseri bellenilip bilner.

27. Ýetmeýän hünärler boýunça taýýarlamak baradaky harby ýygnanyşyklary geçmek üçin çagyrylan zapasdaky raýatlar barada harby komissarlyklar harby bölümleriň komandirlerine şulary iberýärler:

a) zapasdaky ofiserler barada - atly sanawy (№1 goşundy) we şahsy işleri;

b) zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar barada - atly sanawy (№ 1 goşundy);

ç) uçujy düzüm barada - atly sanawy (№1 goşundy) we şahsy işleri, uçujylyk hem-de medisina kitapçalary.

Atly sanawlar, uçujylyk we medisina kitapçalary möhürlenen görnüşde komandanyň ýolbaşçysyna gol çekdirilip berilýär.

Uçujylyk kitapçalary bolmadyk adamlary uçujy düzümi taýýarlamak boýunça harby ýygnanyşyklara çagyrmak gadagan edilýär.

28. Harby ýygnanyşyklara iberilmäge degişli zapasdaky ofiserleriň şahsy işleri gizlin poçta bilen, düzgünli bölümlere we edaralara bolsa - atly sanawlar (№1 goşundy), uçujylyk we medisina kitapçalary hem olar bölümlerde ýygnanyşyklar başlanýança iki gün öňünden alnar ýaly edilip hasaplanylyp gizlin poçta bilen iberilýär.

Şu görkezilen resmi kagyzlary düzgünli bölümlere ýönekeý poçta bilen ibermek ýa-da olary komandalaryň ýolbaşçylarynyň eline bermek gadagan edilýär.

29. Bir özi ýa-da komandalaryň düzüminde aýratyn düzgünli bölümlerde harby ýygnanyşyklara iberilýän zapasdaky raýatlara gitmeklige görkezmeler düzgünli bölümler we edaralar üçin bellenilen tertipde berilýär. Komandalaryň ýolbaşçylaryna gowşurylýan atly sanawlarda diňe komandalaryň düzüminde ýygnanyşyklara gidýän zapasdaky raýatlaryň familiýasy, ady we atasynyň ady görkezilýär.

30. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölümlerinde hem-de edaralarynda harby ýygnanyşyklara zapasdaky raýatlar ýygnanyşyklar başlanýança bir aý öňünden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň harby komissarlyklaryna olaryň iberýän şahsy sanawlary (sanly ýüztutmalary) boýunça çagyrylýar.

V. HARBY BÖLÜMLERDE HARBY ÝYGNANYŞYKLARY GURAMAK WE GEÇIRMEK HEM-DE HARBY ÝYGNANYŞYKLAR TAMAMLANANDA

ZAPASDAKY RAÝATLARY IBERMEK

31. Harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlaryň söweşjeň we jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygy ýygnanyşyklaryň usul öwrediş görkezmelerine we maksatnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

Ýazga alnan düzümi taýýarlamak boýunça we Ýaragly Güýçler üçin ýetmeýän hünärler boýunça harby ýygnanyşyklarda ähli okuw wagty ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň harby hem-de ýörite bilimlerini ýokarlandyrmak we söweşjeň hem-de jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygyň maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin peýdalanylmalydyr.

Ýaraglara, harby tehnika we eldegrilmesiz gordaky emläge hyzmat etmek boýunça ýygnanyşyklarda okuw wagtynyň azyndan 25 prosenti ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň söweşjeň we jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygyna sarp edilýär, galan wagt - ýaraglara, tehnika we emläge ideg hem-de hyzmat etmek baradaky işler üçin peýdalanylýar.

32. Ýanynda harby ýygnanyşyklar geçirilýän harby bölümleriň komandirleri zapasdaky ofiserleriň, seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň söweşjeň hem-de jemgyýetçilik-gumanitar taýýarlygyny geçirmegiň guralyşy hem-de hili, ýygnanyşyklary maddy - tehniki taýdan wagtynda we doly üpjün etmek, okuw binýadyny taýýarlamak üçin, zapasdaky raýatlary kabul etmegiň hem-de ýygnanyşyklardan ibermegiň guralyşy üçin doly jogapkärçilik çekýärler. Gizlin işiň ýöredilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine we gizlin resmi kagyzlaryň, tehnikanyň hem-de ýaraglaryň abat saklanylmagyny üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidir. Gizlin resmi kagyzlary, tehnikany we ýaraglary saklamak hem-de olar bilen iş geçirmek boýunça esasy talaplar, şahsy hat alyşmagyň tertibi we döwlet hem-de harby syryň saklanylmagy üçin olaryň şahsy jogapkärçiligi, şahsy bloknotlara gizlin ýazgylaryň, habarlaryň, hasaplamalaryň ýazylmagyna we harby desgalaryň hem-de gizlin tehnikanyň foto hem-de kino surata düşürilmegine ýol berilmeýändigi ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň dykgatyna ýetirilmelidir.

33. Harby bölümleriň komandirleri harby ýygnanyşyklary geçirmäge tabşyryk alan mahaly şulara borçludyrlar:

a) ýygnanyşyklaryň başlygyny öňünden bellemäge we söweşjeň taýýarlygy guramakda hem-de geçirmekde tejribesi we bilimleri bolan taýýarlykly ofiserleri, seržantlary hem-de starşinalary belläp, olary şol wagtyň dowamynda beýleki borçlardan boşatmaga;

b) ýygnanyşyklar başlanmagyna azyndan 2 aý galanda merkezi uprawleniýeleriň degişli başlyklaryna harby ýygnanyşyklary doly üpjün etmek üçin zerur bolan, ýetmeýän ýaraglar, ok-däriler, tehnika hem-de harby emläk üçin ýüztutmalary bermäge;

ç) ýygnanyşyklar başlanmazyndan bir hepde öň okuw maksatnamasyna we sagatlaryň hasaplamasyna laýyklykda ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar bilen okuwlary geçmegiň tertip sanawyny düzmäge hem-de tassyklamaga;

d) ýygnanyşyklaryň başlanmagyndan 2-3 gün öň ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary okatmak üçin bellenilen ofiserler, seržantlar we starşinalar bilen düşündiriş beriş-usul öwrediş sapaklaryny geçirmäge;

e) ýaraglaryň, tehnikanyň, okuw we görkezme esbaplarynyň zerur sanyny bermäge hem-de olary ýygnanyşyklara berkitmäge;

ä) ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary ýerleşdirmek üçin jaýlary we zerur bolan egin-eşikleri hem-de aýakgaby öňünden taýýarlamaga;

f) harby ýygnanyşyklara gelen raýatlaryň öz zatlaryny kabul etmegi gurap, olara bellenilen nusgadaky kwitansiýalaryň berilmegini göz öňünde tutmaga;

g) wzwodlaryň komandirleriniň, gämileriň söweşjeň bölümleriniň we birlikleriň komandirleriniň baş wezipelerinde türgenleşmek üçin harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky ofiserler bilen wezipä bellenilmezinden öň hem-de türgenleşmegiň barşynda düşündiriş beriş-usul öwrediş sapaklaryny yzygiderli geçirmäge.

34. Harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar bilen geçirilýän okuwlar şol görkezilen ýygnanyşyklary geçirýän harby bölümlerde bolan söweşjeň tehnikada hem-de ýaraglarda guralýar.

Ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlaryň tehnikanyň we ýaraglaryň goşunlarda synaglary geçýän täze nusgalaryny öwrenmegi we olar bilen tanyşmagy gadagan edilýär.

35. Harby ýygnanyşyklarda zapasdaky raýatlaryň okuw wagtynyň (okuw sapaklarynyň) dowamlylygy olaryň ýanynda ýygnanyşyklary geçýän harby bölümleriniň we harby okuw jaýlarynyň wezipeli düzümi üçin bellenileni ýaly bellenilýär.

Zerurlyk ýüze çykan mahaly okuw sapaklarynyň dowamlylygy Baş ştab tarapyndan takyklanýar.

36. Harby ýygnanyşyklaryň döwründe zapasdaky raýatlary ýerleşdirmek Türkmenistanyň Goranmak ministriniň çözgüdi boýunça okuw merkezlerinde ýa-da lagerlerinde guralýar. Ýygnanyşyklara çagyrylan ähli raýatlar kazarma ýagdaýynda bolýarlar. Olaryň bölüminiň ýerleşýän ýerinden gitmegi rota komandirleri (ýygnanyşyklaryň başlyklary) tarapyndan bölümiň komandiriniň bellän tertibinde geçirilýär.

Harby düzgün-nyzamyň we jemgyýetçilik tertibiniň bozulandygy üçin, jenaýatlar üçin, şeýle hem döwlete ýetirilen maddy zyýan üçin harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlar Ýaragly Güýçleriň tertipnamalary we ulanylýan kanunlar arkaly göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

37. Ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary her hili hojalyk we gurluşyk işlerinde peýdalanmak, şeýle hem olary ýygnanyşyklary geçmek bilen baglanyşykly däl gullugy geçmäge çekmek gadagan edilýär.

38. Harby bölümler ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin harby döwrüň wezipeleri boýunça ýaýbaňlandyrylýar. Täze gelenleri kabul etmek, gözden geçirmek we wezipeler boýunça ýerli-ýerinde goýmak, olary zerur zatlar bilen üpjünlemek, şeýle hem awtotraktor tehnikasyny kabul etmek mobilizasiýa meýilnamasynda göz öňünde tutulan tertipde, şu maksatlar üçin ýörite işlenilip taýýarlanylan resmi kagyzlar boýunça geçirilýär.

39. Harby bölümleriň hakyky nomerlerini we atlaryny, bölümleri ýaýbaňlandyrmak we emele getirmek üçin bellenilen harby döwrüň meýdan poçtalarynyň nomerlerini, şeýle hem mobilizasiýa meýilnamasynyň hakyky resmi kagyzlaryny ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklary geçirilen mahaly peýdalanmak gadagan edilýär.

Harby ýygnanyşyklar döwründe harby bölümler resmi kagyzlarda we hat alyşmakda diňe parahatçylykly döwürde özlerine dakylan şertli atlar bilen atlandyrylýar.

Harby ýygnanyşyklar döwründe emele getirilen bölümlere parahatçylykly döwürde bar bolan harby bölümleriň şertli nomerleri berilýär.

40. Harby ýygnanyşyklara çagyrylan we öň harby kasamy kabul etmedik zapasdaky raýatlar 5 gün möhletde harby kasamy kabul edýärler, bu barada olaryň harby biletlerinde degişli bellikler edilýär.

41. Zapasdaky ofiserler, şeýle hem ofiserler düzümine taýýarlamak üçin çagyrylan seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar laýyk gelmezligi sebäpli harby bölümleriň komandirleriniň hödürlemegi boýunça Baş ştabyň başlygynyň görkesmesi bilen harby ýygnanyşyklardan çykarylýar.

42. Ýetmeýän hünärler boýunça taýýarlamak baradaky harby ýygnanyşyklaryň tamamlanmagy bilen ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň geçilen maksatnamalaýyn materiallary özleşdirişleriniň barlagy geçirilýär we olaryň taýýarlyk derejesi barada netije çykarylýar. Synaglary (zaçýotlary) kabul etmek üçin harby bölümleriň, edaralaryň we harby okuw jaýlarynyň taýýarlykly hem-de tejribeli ofiserlerinden ýörite komissiýalar döredilýär.

43. Harby ýygnanyşyklar tamamlanda harby bölümleriň komandirleri we ştablary şulara borçludyr:

a) zapasdaky ofiserlere, şeýle hem ofiserler düzümine taýýarlygy geçen seržantlara, starşinalara, esgerlere we matroslara häsiýetnamalary düzmäge, şolarda ýygnanyşyklaryň okuw maksatnamataryny özleşdirmegiň derejesini, harby işi öwrenmäge garaýşyny hem-de ahlak işjeňlik häsiýetini, harby döwürde ofiseriň bellenilip bilinjek wezipesini, harby hasaba alyş hünärini görkezmäge, şol hünär boýunça ony mundan beýläk-de nazara almaga (eger ofiser täze hünär boýunça gaýtadan taýýarlygy geçen bolsa), Ýaragly Güýçleriň zapasdaky ofiserlerini hasaba almak hem-de olary synagdan geçirmek boýunça Gollanma laýyklykda nobatdaky (ilkinji) harby ady dakmak mümkinçiligi hakynda netije çykarmaga. Zapasdaky ofiserler, seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar düzülen häsiýetnama bilen oňa gol çekdirip tanyşdyrylmalydyr.

Zapasdaky ofiserleriň şahsy işinde we harby biletinde hem-de seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň harby biletinde bellik edip, ony komandiriň (ştabyň başlygynyň) goly hem-de harby bölümiň möhüri bilen tassyklamaga;

b) Ýetmeýän hünärler boýunça ýa-da ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryny üstünlikli geçen we ýygnanyşyklaryň möhletine garamazdan, degişli wezipelere zerur taýýarlygy alan zapasdaky seržantlara, starşinalara, esgerlere we matroslara atly sanawlary düzüp, şolarda ýygnanyşyklaryň dowamlylygyny, harby hasaba-alyş hünärlerini hem-de şolar boýunça olary mundan beýläk-de hasaba almak maksadalaýyk bolan wezipe hünärini görkezmäge.

Harby biletde ýygnanyşyklaryň geçilendigi hakynda bellik edip, ony komandiriň (ştabyň başlygynyň) goly hem-de harby bölümiň möhüri bilen tassyklamaga;

ç) ýygnanyşyklarda okuwyň maksatnamasyny üstünlikli tamamlan we nobatdaky harby atlary dakmaga mynasyp bolan ofiserler, seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar üçin olara bellenilen tertipde nobatdaky harby atlary dakmak baradaky hödürlemenamalary düzmäge;

d) ýygnanyşyklarda peýdalanylan gizlin materiallaryň, tehnikanyň, ýaraglaryň we olaryň aýry-aýry parçalarynyň, bloklarynyň we şaýlarynyň barlygyny barlap görmäge;

e) harby ýygnanyşyklary geçen raýatlary harby bölümlerden dabaraly ýagdaýda guramaçylykly ugratmaga, ýygnanyşyklaryň maksatnamasyny oňat özleşdiren adamlary bolsa höweslendirmäge;

ä) harby ýygnanyşyklary geçen zapasdaky ofiserleriň şahsy işlerini we häsiýetnamalaryny, zapasdaky seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň atly sanawlaryny, şeýle hem şu punktyň «ç» kiçi punktynda görkezilen adamlara nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky hödürlemenamalary 10 gün möhletde ýygnanyşyklary geçen raýatlaryň hasaba alnan ýeri boýunça harby komissarlyklara ibermäge.

VI. HARBY ÝYGNANYŞYKLARY MADDY-TEHNIKI WE

MALIÝE TAÝDAN ÜPJÜN ETMEK

44. Harby ýygnanyşyklar ýaraglar, tehnika we beýleki maddy-tehniki serişdeler bilen harby bölümleriň gündelik üpjünçiliginiň serişdeleriniň we halk hojalygyndan gelip gowuşýan tehnikanyň hasabyna üpjün edilýär.

Harby bölümler ýetmeýän maddy-tehniki serişdeler bilen Baş ştabyň görkezmelerine laýyklykda üpjün edilýär.

Şu maksatlar üçin maddy-tehniki serişdeleriň eldegrilmesiz gorlaryny wagtlaýyn peýdalanmak we harçlanylan mahaly olaryň üstüni dolmak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň degişli buýrugy bilen bellenilen tertipde geçirilýär.

45. Ýaraglaryň, harby tehnikanyň we beýleki maddy-tehniki serişdeleriň, şol sanda eldegrilmesiz gordaky tehnikanyň hem motoserişdeleriň (serişdeleriň) bir ýyl üçin berlen umumy motoserişdeleriň (serişdeleriň), şeýle hem saklamakda durýan tehnikanyň gözegçilik barlaglary (sagatlaryň bellenilen sanyny gözegçilik ýagdaýynda işletmek we gözegçilik ýagdaýyndaky geçmeli kilometrleri geçmek) üçin tehnikanyň her bir görnüşi boýunça ýolbaşçylar tarapyndan göz öňünde tutulan motoserişdeleriň (serişdeleriň) hasabyna Türkmenistanyň Goranmak ministriniň çözgüdi bilen bellenilýär.

46. Harby ýygnanyşyklar tamamlanandan soň eldegrilmesiz gorlardan wagtlaýyn alnan ýaraglar we tehnika ýokarda durýan başlyklaryň aýratyn görkezmelerine garaşylmazdan, harby bölümleriň komandirleriniň buýrugy bilen haýal edilmän tertibe salynýar, zerurlyk ýüze çykan mahaly abatlanylýar, uzak wagtlap saklamaga taýýarlanylýar hem-de ýene-de eldegrilmesiz gora goýulýar. Şu maksatlar üçin ýygnanyşyklaryň meýilnamasynda beilenilen möhletiň çäklerinde ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklarynda bolýan raýatlar çekilýär.

47. Ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklara halk hojalygyndan iberilýän awtotraktor, ýol-gurluşyk we ýük ýükleýiş-düşüriş tehnikasy harby bölümler tarapyndan kabul edilendigi hakyndaky delilhatyny (№ 2 goşundy) bermek bilen kabul edilýär we diňe harby ýygnanyşyklaryň meýilnamasyna laýyklykda harby bölümleriň söweşjeň taýýarlygy hem-de olara hyzmat etmek üçin peýdalanylýar. Goşun kysymyndaky awtokolonnalardan şahsy düzüm we awtoulaglar ýokarda görkezilen maksatlar üçin diňe Baş ştabyň aýratyn görkezmesi boýunça çekilýär. Harby ýygnanyşyklar tamamlanandan soň halk hojalygynyň tehnikasy halk hojalygyndan gelendäki ýaly üpjünlenen hem-de tehniki ýagdaýynda harby komissarlyklaryň üsti bilen awtohojalyklara gaýtarylyp berilýär.

Awtomobiller bilen halk hojalygyndan gelip gowuşýan ätiýaçlyk şaýlarynyň özbaşdak we toparlaýyn toplumlary ýygnanyşyklarda peýdalanmaýar, olaryň barlygy barlanyp görlenden soň bolsa tehnikany iberijilere gaýtarylyp berilýär.

48. Harby ýygnanyşyklar ok-däriler bilen bellenilen ölçegler boýunça üpjün edilýär. Ok-däriler üçin ýüztutmalar degişli merkezi uprawleniýeleriň üsti bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň üpjünleýiş edaralaryna birleşmeler, aýratyn harby bölümler, harby okuw jaýlary tarapyndan berilýär.

49. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda raýatlar harby ýygnanyşyklary geçýän wagtynda, şol sanda gulluk edýän ýerlerine barýan wagtynda we gaýdyşyn özleriniň iş orunlary, iş ýeri boýunça ortaça iş hakynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň hem-de wedomstwolaryň serişdeleriniň hasabyna ýolda geçýän wagty üçin iş sapary bilen baglanyşykly çykdajylary tölemegi saklap galmak bilen, işden boşadylýar.

Harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar gulluk edýän ýerine barýarka ýolda we gaýdyşyn çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar üçin bellenilen ölçegler boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň hem-de wedomstwolaryň serişdeleriniň hasabyna iýmit ýa-da degişli pul öwezini dolmasy bilen üpjün edilýär.

50. Harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlary ýaşaýan ýerinden ýygnanyşyklaryň geçirilýän ýerine çenli, şeýle hem ýygnanyşyklar gutarandan soň ýaşaýan ýerine çenli gatnatmak hem-de ýolda iýmit bilen üpjün etmek:

a) harby komissarlyklar tarapyndan - ýygnanyşyklary geçirýän harby bölümleriň ýerleşýän ýerine çenli;

b) harby bölümler tarapyndan (ýygnanyşyklar tamamlananda) ýygnanyşyklary geçen raýatlaryň ýaşaýan ýerine çenli geçirilýär;

Demir ýol, suw, howa we yzygiderli awtobus gatnawy bolmadyk mahaly harby komissarlyklar tarapyndan ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlara ýygnanyşyklaryň geçirilýän ýerine çenli hem-de harby bölümler tarapyndan - gaýdyşyn ýaşaýan ýerine çenli gatnamak boýunça çykdajylaryň, ýöne awtogatnawlar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen birbitewi ölçeglerden köp bolmadyk möçberde öwezi dolunýar.

Etraplaryň, şäherleriň harby komissarlyklary tarapyndan welaýat (Aşgabat şäher) ýygnanyşyk ýerlerine ýa-da harby bölümlere şol gün barmak möhleti bilen iberilýän zapasdaky raýatlar azyk-ýol pullary bilen üpjün edilmeýär we olara azyk önümleri üçin attestatlar berilmeýär, bu barada olaryň barmak üçin görkezmelerinde ýa-da ýanlary bilen ugradylýan atly sanawlarda degişli ýazgy ýazylýar.

51. Harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar ýygnanyşyklaryň geçýän wagtynda:

azyk önümleri bilen ýygnanyşyklary geçirýän harby bölümleriň şahsy düzümi üçin bellenilen ölçegler boýunça;

goş-golam emlägi bilen zapasdaky raýatlaryň degişli toparlary üçin bellenilen ölçegler boýunça üpjün edilýär.

Ýygnanyşyklary geçýän raýatlara medisina hyzmaty harby gullukçylar bilen deň derejede guralýar.

52. Ýygnanyşyklarda bolunýan wagtda we harby komissarlykdan ýygnanyşyklaryň geçirilýän ýerine çenli ýolda hem-de gaýdyşyn zapasdaky ofiserler, seržantlar we starşinalar düzüminden bolan adamlara bellenilen möçberde gije-gündizlik pullar, esgerler düzümine bolsa-pul üpjünçiligi tölenilýär.

53. Ofiserler düzümine taýýarlamak üçin ýygnanyşyklara çagyrylýan zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar üpjünçiligiň ähli görnüşleri bilen zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar üçin bellenilen ölçegler boýunça üpjün edilýär.

54. Harby ýygnanyşyklary söweşjeň taýýarlyk, gumanitar-aň-bilim, poçta-telegraf, hojalyk we hammam-kir ýuwmak çykdajylary üçin maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri we Türkmenistanyň Goranmak ministriniň buýruklary arkaly bellenilen ölçegleriň çäklerinde geçirilýär.

55. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň beýleki goşunlara harby ýygnanyşyklara çagyrylan zapasdaky raýatlary çagyrmak, gatnatmak we maddy taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly çykdajylarynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligine kanun arkaly harby gulluk göz öňünde tutulan degişli ministrlikler hem-de wedomstwolar tarapyndan merkezleşdirilen tertipde öwezi dolunýar.

Görkezilen çykdajylaryň umumy möçberi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çykdajylarynyň sanawynyň maddalary boýunça bölmek bilen, Baş ştab tarapyndan harby ýygnanyşyklaryň tamamlanmagy boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maliýe-meýilnama düzüş uprawleniýesine habar berilýär.

VII. HARBY ÝYGNANYŞYKLARYŇ GEÇIRILIŞINE GÖZEGÇILIK ETMEK WE ÝYGNANYŞYKLAR BOÝUNÇA HASABATLYLYK

56. Zapasdaky raýatlaryň harby ýygnanyşyklaryny geçirmek Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablarynyň, merkezi uprawleniýeleriň, birleşmeleriň we harby bölümleriň komandirleriniň hemişelik gözegçiligi astynda bolmalydyr.

57. Ýygnanyşyklary gönüden-göni geçirýän harby bölümlerde harby ýygnanyşyklaryň guralyşynyň hem-de barşynyň barlaglary gözegçiligiň esasy görnüşi bolmalydyr.

Şu maksatlar bilen Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablary we merkezi uprawleniýeler barlaglary geçirmegiň meýilnamalaryny düzüp, barlagyň haçan we kim tarapyndan, haýsy möhletiň dowamynda hem-de haýsy harby bölümlerde geçirilmelidigini kesgitleýärler.

58. Harby ýygnanyşyklaryň netijeleri boýunça şu hasabatlar:

a) harby bölümleriň komandirleri tarapyndan - Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablaryna, merkezi uprawleniýelere harby ýygnanyşyklaryň tamamlanmagy boýunça 15 gün möhletde harby ýygnanyşyklary geçirmegiň netijeleri hakyndaky hasabat we bellenilen nusga (№ 3 goşundy) boýunça maglumatlar;

b) Ýaragly Güýçleriň görnüşleriniň ştablary, merkezi uprawleniýeler tarapyndan - Baş ştaba 30-dekabra çenli Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň görnüşleri hem-de kysymlary, gulluklar boýunça harby ýygnanyşyklaryň ähli görnüşlerini geçirmegiň netijeleri hakyndaky hasabat we bellenilen nusga (№ 4 goşundy) boýunça maglumatlar berilýär.

59. Ýaragly Güýçleriň Baş ştaby her ýyl 1-iýula çenli bellenilen nusgalar (№ 5 we 6 goşundylar) boýunça nobatdaky ýyl üçin zapasdaky ofiserleriň bellenilen möçberini paýlamagyň hasaplamasyny hem-de taýýarlamagyň hasaplamasyny işläp taýýarlaýar hem-de Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň görnüşleri, kysymlary, gulluklar boýunça iberýär.

Düzgünnamanyň 23,27,28-punktlaryna

№1 goşundy

Nusga

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygynyň ______________

(harby bölüm, edara)

harby ýygnanyşyklara iberilýän zapasdaky ofiserleriniň

ATLY SANAWY

t/t № Harby ady Familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsy nomeri Doglan ýyly HHH № Haýsy harby komissarlykda hasapda durýar Bellik

t/t

№

Harby ady

Familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsy nomeri

Doglan ýyly

HHH

№

Haýsy harby komissarlykda hasapda

durýar

Bellik

1.Wzwodlaryň komandirlerini taýýarlamak üçin (HHH-101000 boýunça)

1.Wzwodlaryň komandirlerini taýýarlamak üçin (HHH-101000 boýunça)

1 1 Leýtenant Rahmanow Merdan Annadurdyýewiç,G-889129 1977 101001 Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

1 1

Leýtenant

Rahmanow Merdan Annadurdyýewiç,G-889129

1977

101001

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

2 2 Leýtenant Ysmaýylow Ybraýym, G - 8891130 1976 101002 Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

2 2

Leýtenant

Ysmaýylow Ybraýym,

G - 8891130

1976

101002

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

2. Wzwodlaryň komandirlerini gaýtadan taýýarlamak üçin (HHH-021001 boýunça)

2. Wzwodlaryň komandirlerini gaýtadan taýýarlamak üçin (HHH-021001 boýunça)

33 Kapitan Baýramow Annamyrat Orazowiç, G -889117 1968 021002 Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

33

Kapitan

Baýramow Annamyrat Orazowiç, G -889117

1968

021002

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissarlygy

3. Hünäri boýunça bilimlerini kämilleşdirmek üçin (HHH № _________ boýunça)

3. Hünäri boýunça bilimlerini kämilleşdirmek üçin (HHH № _________ boýunça)

Goşundy:___________uçujylyk kitapçalary; medisina kitapçalary.

Bellik. Azyk-ýol we gije-gündizlik pul bilen üpjün edilmedi. Bölüme gelen pursatyndan başlap üpjünçilige hukugy bar. Şu sanaw atlandyrylyp geçilen zapasdaky raýatlary üpjünçiligiň ähli görnüşlerine girizmäge esas bolup durýar.

M.Ý. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň harby komissary

Düsündiriş: 1. Görkezilen bellikler raýatlar şol gün barmak möhleti bilen welaýat (Aşgabat şäher) ýygnanyşyk ýerlerine ýa-da harby bölümlere iberilende ýazylýar.

2. Welaýat (Aşgabat şäher) ýygnanyşyk ýeri tarapyndan ýygnanyşyklara iberilýän zapasdaky seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar, şeýle hem zapasdaky ähli raýatlar üçin atly sanaw hem şeýle görnüşde düzülýär.

Düzgünnamanyň 47-punktuna

№ 2 goşundy

________________________________________________degişli

(kärhananyň, edaranyň, guramanyň ady)

bolan maşynlary, gaplary we ýangyç guýuş enjamlaryny

______________________________________________________

(harby komissarlygyň ady ýa-da parahatçylykly döwürde bölümiň şertli ady)

tehnikany kabul ediş-tabşyryş ýeri tarapyndan

Ýaragly Güýçlere kabul etmek hakynda

DELILHATY

Maşynyň kysymy Maşynyň markasy Döwlet (öwsele) nomeri Maşynlar girizilen tapgyrlaryň № Bellik

Maşynyň kysymy

Maşynyň markasy

Döwlet (öwsele) nomeri

Maşynlar girizilen tapgyrlaryň №

Bellik

1 2 3 4 5

1

2

3

4

5

Ýük awtomobili GAZ - 53 28-56 AGD

Ýük awtomobili

GAZ - 53

28-56 AGD

Ýük awtomobili ZIL- 130 12-68 AGD

Ýük awtomobili

ZIL- 130

12-68 AGD

M.Ý.

Tehnikany kabul ediş-tabşyryş

ýeriniň başlygy ___________________

(goly)

Kärhananyň, edaranyň, guramanyň

wekili (maşynyň eýesi) _____________

(goly)

20 ýylyň «___»

Bellik:

1. Delilhaty:

harby komissarlygyň tehnikany kabul ediş-tabşyryş ýerinde iki nusgada: №1 nusgasy - tehnikany iberijä; № 2 nusgasy - harby komissarlyga;

bölümiň tehnikany kabul ediş ýerinde üç nusgada: № 1 nusgasy -tehnikany iberijä; № 2 nusgasy - harby komissarlyga; № 3 nusgasy -bölüme düzülýär.

2. Kabul edilen tehnikanyň tehniki ýagdaýy we üpjünligi hakyndaky maglumatlar delilhatynyň ýa-da goşundynyň arka ýüzünde görkezilýär. Awtomaşynlar boýunça awtopokryşkalaryň sany görkezilýär. Maşyn bilen bile kabul edilen gurallaryň we esbaplaryň sany hem-de ady gurallaryň we esbaplaryň toplumynyň her bir maşyn üçin delilhatyna goşulýan sanawlarda görkezilýär.

Düzgünnamanyň 58 -punktyna

№ 3 goşundy

Nusga

________________________________________ ýanynda

(bölümler, edaralar)

20___äýylda harby ýygnanyşyklary geçen zapasdaky

raýatlaryň sany hakynda

MAGLUMAT

Taýýarlamagyň hünärleriniň ady 20 ___ýyl üçin tabşyryk Tabşyrygyň ýerine ýetirilişi Bellik

Taýýarlamagyň hünärleriniň ady

20 ___ýyl

üçin tabşyryk

Tabşyrygyň

ýerine

ýetirilişi

Bellik

1.2 aýlyk ýygnanyşyklarda gaýtadan taýýarlamak Bronetank tehnikasynyň elektrik we ýörite enjamlary boýunça inženerler we tehnikler (HHH-420300) we başgalar 50 50

1.2 aýlyk ýygnanyşyklarda

gaýtadan taýýarlamak

Bronetank tehnikasynyň elektrik we ýörite enjamlary boýunça inženerler we tehnikler (HHH-420300) we başgalar

50

50

2.Zapasdaky seržantlardan, starşinalardan, esgerlerden we matroslardan 2 aýlyk ýygnanyşyklarda zapasdaky ofiserleri taýýarlamak Orta tanklaryň wzwod komandirleri (HHH – 021101) we başgalar 100 100

2.Zapasdaky seržantlardan, starşinalardan, esgerlerden we matroslardan 2 aýlyk

ýygnanyşyklarda zapasdaky

ofiserleri taýýarlamak

Orta tanklaryň wzwod komandirleri (HHH – 021101) we başgalar

100

100

Komandir (başlyk) __________________

(goly)

Düşündiriş:

1. «Taýýarlamagyň hünärleriniň ady» sütünde harby ýygnanyşyklary geçirmek hakynda Baş ştabyň meýilnamasyna laýyklykda zapasdaky raýatlar taýýarlyk geçen ähli hünärleri sanalyp geçilýär.

2. Belelikde tabşyrygyň kem ýerine ýetirilmeginiň sebäpleri görkezilýär.

3. Şu nusga ulanarlykly ýagdaýda zapasdaky raýatlaryň şu ýygnanyşyklarda bolan möhletini görkezmegi bilen, ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklarynda taýýarlygy geçen zapasdaky raýatlaryň sany hakyndaky maglumatlar hem düzülýär.

Düzgünnamanyň 58 -punktyna

№ 4 goşundy

Nusga

_____________________________________________ goşunlarda

(Ýaragly Güýçleriň görnüşi, merkezi uprawleniýe)

20___ýylda harby ýygnanyşyklary geçen zapasdaky

raýatlaryň sany hakynda

MAGLUMAT

1. ZAPASDAKY RAÝATLARYŇ ÝETMEÝÄN HUNÄRLER BOÝUNÇA TAÝÝARLAMAK BARADAKY HARBY ÝYGNANYŞYKLARY

Goşunlaryň görnüşleriniň, kysymlarrynyň, gulluklarynyň ady Taýýarlygyň hünärleriniň ady 20__ýyl üçin tabşyryk Tabşyrygyň ýerine ýetirilşi Bellik

Goşunlaryň görnüşleriniň, kysymlarrynyň, gulluklarynyň ady

Taýýarlygyň hünärleriniň ady

20__ýyl

üçin

tabşyryk

Tabşyrygyň ýerine

ýetirilşi

Bellik

Gury ýer goşunlary 1.Zapasdaky ofiserleri taýýarla-mak a)Ýaragly Güýçleriň görnüşiniň ştabynyň meýilnamasyna laýyk-lykda diwizýanyň operatiw bö-lümleriniň ofiserleriniň 2 aýlyk ýygnanyşyklary (HHH-020100) we başgalar 20 17 Saglyk ýagda-ýy boýunça 3 adam ýygna-nyşyklardan yzyna gaýta-ryldy

Gury ýer

goşunlary

1.Zapasdaky ofiserleri taýýarla-mak

a)Ýaragly Güýçleriň görnüşiniň ştabynyň meýilnamasyna laýyk-lykda diwizýanyň operatiw bö-lümleriniň ofiserleriniň 2 aýlyk ýygnanyşyklary (HHH-020100) we başgalar

20

17

Saglyk ýagda-ýy boýunça 3 adam ýygna-nyşyklardan yzyna gaýta-ryldy

2. BÖLÜMLERIŇ WE BIRLEŞMELERIŇ YAZGA ALNAN

DÜZÜMINIŇ HARBY YYGNANYŞYKLARY

Ýazga alnan düzü-miň harby ýygnany-şyklaryny geçiren harby bölümleriň ady Ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryny geçen zapasdaky raýatlaryň sany Ýygnanyşyklara çekilen awtotrak-tor we ýol gurlu-şyk tehnikasynyň sany

Ýazga alnan düzü-miň harby ýygnany-şyklaryny geçiren harby bölümleriň ady

Ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklaryny geçen zapasdaky raýatlaryň sany

Ýygnanyşyklara çekilen awtotrak-tor we ýol gurlu-şyk tehnikasynyň sany

ofiserler seržantlar¸ starşina-lar¸ esgerler we matroslar

ofiserler

seržantlar¸ starşina-lar¸ esgerler we matroslar

30 günlik 25 günlik 20 günlik 30 günlik 25 günlik 20 günlik

30

günlik

25

günlik

20

günlik

30

günlik

25

günlik

20

günlik

22-motoatyjylyk diwiziýasy Tabşyryk Ýerine ýetirileni 50 50 250 245 - - 400 395 3000 2980 - - 400 380

22-motoatyjylyk diwiziýasy

Tabşyryk

Ýerine

ýetirileni

50

50

250

245

-

-

400

395

3000

2980

-

-

400

380

we ş.m.

Komanduýuşiý (başlyk) __________________________

Komanduýuşiý (başlyk) ______________________________

Düzgünnamanyň 47 –punktyna

№ 5 goşundy

Nusga

20___ýyl üçin harby-ýygnanyşyk çärelerine

(Ýaragly Güýçleriň görnüşi, merkezi uprawleniýe)

tarapyndan berlen bellenilen möçberi paýlamagyň

HASAPLAMASY

Taýýarlygyň görnüşi Sany

Taýýarlygyň görnüşi

Sany

1. Harby döwrüň wezipeleri boýunça bölümleri(MAD-dan başga) ýaýbaňlandyrmak bilen ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklary Ofiserler - 40 gün üçin 35 gün üçin 15 gün üçin we ş. m.

1. Harby döwrüň wezipeleri boýunça bölümleri(MAD-dan başga) ýaýbaňlandyrmak bilen ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklary

Ofiserler - 40 gün üçin

35 gün üçin

15 gün üçin we ş. m.

Jemi

Jemi

Seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar- 30 gün üçin 20 gün üçin we ş. m.

Seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar- 30 gün üçin

20 gün üçin

we ş. m.

Jemi

Jemi

Ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklarynyň jemi

Ýazga alnan düzümiň ýygnanyşyklarynyň jemi

Awtotraktor we ýol-gurluşyk tehnikasy - 30 gün üçin

Awtotraktor we ýol-gurluşyk tehnikasy - 30 gün üçin

2.Ýetmeýän hünärmentleri taýýarlamak boýunça harby ýygnanyşyklar Ofiserler - 60 gün üçin 45 gün üçin 30 gün üçin

2.Ýetmeýän hünärmentleri taýýarlamak boýunça harby ýygnanyşyklar

Ofiserler - 60 gün üçin

45 gün üçin

30 gün üçin

Jemi

Jemi

Seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar- 60 gün üçin 45 gün üçin 30 gün üçin we ş. m.

Seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar- 60 gün üçin

45 gün üçin

30 gün üçin

we ş. m.

Jemi

Jemi

Ýetmeýän hünärmentler boýunça ýygnanyşyklar üçin jemi

Ýetmeýän hünärmentler boýunça ýygnanyşyklar üçin jemi

Hemmesi

Hemmesi

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Baş ştabynyň başlygy_______________

Düzgünnamanyň 59 -punktyna

6 goşundy

Nusga

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri boýunça 20____ýylda harby ygnanyşyklarda zapasdaky ofiserleri taýýarlamagyň

HASAPLAMASY

Hünärleriň atlary Ýaragly Güýçleriň birleşmeleriniň we bölümleriniň ýanynda taýýarlamak bellenilýär

Hünärleriň atlary

Ýaragly Güýçleriň birleşmeleriniň we bölümleriniň ýanynda taýýarlamak bellenilýär

1.GURYÝER GOŞUNLARYNYŇ HÜNÄRLERI BOÝUNÇA a) zapasdaky seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň hataryndan ofiserleri taýýarlamak

1.GURYÝER GOŞUNLARYNYŇ HÜNÄRLERI BOÝUNÇA

a) zapasdaky seržantlaryň, starşinalaryň, esgerleriň we matroslaryň hataryndan ofiserleri taýýarlamak

Orta tanklaryň wzwod komandirleri (HHH-021101) TGDRS-nyň wzwod komandirleri (HHH - 030600) 30 25

Orta tanklaryň wzwod komandirleri (HHH-021101) TGDRS-nyň wzwod komandirleri (HHH - 030600)

30

25

Jemi

Jemi

b) zapasdaky ofiserleri taýýarlamak

b) zapasdaky ofiserleri taýýarlamak

ATR-yň wzwod komandirleri (HHH-030300) we başgalar 20

ATR-yň wzwod komandirleri (HHH-030300) we başgalar

20

Jemi

Jemi

ç) ýokarda durýan wezipelere zapasdaky ofiserleri taýýarlamak (kämilleşdirmek)

ç) ýokarda durýan wezipelere zapasdaky ofiserleri taýýarlamak (kämilleşdirmek)

Motoatyjylyk rotalarynyň komandirleri (HHH-021001) we başgalar 50

Motoatyjylyk rotalarynyň komandirleri (HHH-021001) we başgalar

50

Jemi

Jemi

d) ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklarynda zapasdaky ofiserleri taýýarlamak

d) ýazga alnan düzümiň harby ýygnanyşyklarynda zapasdaky ofiserleri taýýarlamak

Bölümleriň we birleşmeleriň düzüminde KŞTO üçin 250 60

Bölümleriň we birleşmeleriň düzüminde KŞTO üçin

250

60

Jemi

Jemi

Hemmesi

Hemmesi

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Baş ştabynyň başlygy________

Soňraky II, III we başga bölümlerde RG we A, HHGG hem-de HHG, tyl we başga hünärler boýunça zapasdaky ofiserleri taýýarlamak görkezilýär.

Ссылается на