Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşhowuz welaýatyna taryhy adyny gaýtaryp bermek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Daşhowuz welaýatyna taryhy adyny gaýtaryp bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşhowuz welaýatyna taryhy adyny gaýtaryp bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 6, 281-nji madda)

Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy milli däpleriniň täzeden dikeldilýändigini, şu topraklarda oguz türkmenleriniň daşoguzlar diýip at alan uly toparynyň iňňän gadymy döwürden bäri yaşap gelyändigini nazara alyp, soňky döwürlerde şol taryhy atlaryň nähak yoýlandygyny nygtap, ata Watanymyzda ýer-ýurt atlaryny düzetmek we ýaş neslimizde gadymy ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna uly buýsanç we söýgi döretmek, olary oguz iline mahsus bolan watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, karar edýärin:

Daşhowuz welaýatyna taryhy adyny gaýtaryp bermeli we ony mundan beýläk Daşoguz welaýaty diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2889