"Gaýrat" medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
"Gaýrat" medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 6, 278-nji madda)
Bitarap Türkmenistan Döwletiniň ykdysadyýetinde we oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri ilerletmekde bitiren hyzmatlary hem-de Türkmen derýasyny gurmakda çeken halal we merdana zähmetleri üçin:
Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabyndaky № 25 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň buldozerçisi Tirkeş Çerräýewi,
Daşoguz welaýatynyň Düýeboýun gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň krançysy Alekseý Andreýewiç Nebaýewi,
Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabyndaky № 29 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň krançysy Allaberdi Pirjikowy,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndaky gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň betonçysy Bazarbaý Täjibaýewi,
Daşoguz gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň proraby Ysmaýyl Ahmedowiç Ýusubowy "Gaýrat" medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 10-njy iýuny
№ PP-2886