Mary welaýatynyň Nyýazow etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Mary welaýatynyň Nyýazow etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý.¸ № 5¸ 234-nji madda)
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän taryhy we milli däp-dessurlaryny täzeden dikeldýändigimizi nazara alyp, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, şöhratly beýik geçmişini, öçmejek baý mirasyny özleşdirmek we ebedileşdirmek hem-de garaşsyz baky bitarap Türkmenistanyň ýaş neslini watanperwerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, karar edýärin:
Mary welaýatynyň Nyýazow etrabynyň adyny Oguzhan etraby diýip üýtgedip, ony mundan beýläk Mary welaýatynyň Oguzhan etraby diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 31-nji maýy
№ PP-2874