Garagum kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Garagum kanalynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 5, 199-njy madda)
45 ýyl mundan ön gurluşygy başlanan Garagum kanaly öz akymy boyunça emeli desgasyz tebigy türkmen derýasyna öwrüldi. Uzynlygy 1300 km bolan bu beyik suw yoly hiç bir nasossyz, tehniki emeli güyç ulanmazdan öz akymyna saklanýar. Türkmen gudratyndan dörän türkmeniň Garagum derýasynyň eziz Watanymyzyň gözel tebigatyna, ykdysadyýetiniň ösmegine, medeniýetine, ilatymyzyň yaşayyş-durmuşyna ýetiren täsirini göz öňünde tutup, XXI asyryň bosagasynda-türkmeniň altyn asyry boljak zamanada bolçylygyň, bereketiň çeşmesi bolan suwa mukaddes garap, karar edyärin:
1. Garagum kanalyny indiden aňryk türkmeniň Garagum derýasy diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we wedomostwolary şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kartalara we beýleki resmi kagyzlara girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 4-nji maýy
№ PP-2837