Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

1999-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

1999-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1999-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 4, 167-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

1999-ýyl üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny:

1. Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, gahrymançylygynyň, onuň şöhratly taryhy geçmişiniň we şu günki durmuşynyň mukaddes beýany bolan, 1948-ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasyna bagyşlanylan heýkel ýadygärlik toplumyny we Bitaraplyk derwezesini bina etmäge goşan uly goşandy üçin taslamany düzen heýkeltaraşlar Babasary Annamyradowa, Saragt Babaýewe, Agameret Garaýewe, şol binany guran «Polimeks» türk gurluşyk firmasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja,

2. Türkmen milli saz sungatymyzy ösdürmekde, türkmeniň baý medeni mirasyny halka ýetirmekde, ýaş nesli ölmez-ýitmez saz eserlerimiziň üsti bilen ruhy taýdan terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary üçin - kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, gyjakçy Annageldi Jülgäýewe bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 30-njy apreli

№ PP-2830