Ýa. Agaýew, A. Muhammedow ýoldaşlara «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýa. Agaýew, A. Muhammedow ýoldaşlara «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 10, 730-madda)
Ylmy-barlag işinde we Türkmenistanyň halk magaryfyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistany ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň polilitehniki institutynyň umumy fizika kafedrasynyň müdiri Ýazjan Agaýewe.
Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň rektory Amanguly Muhammedowa.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 13-nji oktýabry
№ UP-614