Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi baýram etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi baýram etmek hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 9, 662-madda)
Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we garaşsyzlygynyň edilmeginiň bir ýyllygynyň Türkmenistanyň halky tarapyndan baýram edilmegi mynasybetli karar edýärin:
1. 1992-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ir sagat 10-da Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde harby tehnikanyň gatnaşmagyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby paradyny geçirmeli.
2. 1992-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýerli wagt bilen sagat 21-de Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýatlaryň adminstratiw merkezlerinde - Mary, Nebitdag, Daşhowuz, Çärjew şäherlerinde artilleriýa zalplarynyň 30-sy bilen baýramçylyk salýutynygeçirmeli.
3. Harby parady we baýramçylyk salýutyny guramak hem-de geçirmek üçin jogapkärçiligi Türkmenistanyň Goranmak ministri ýoldaş D. A. Köpekowyň we Türkmenistanyň Aýratyn umumygoşun armiýasynyň Komanduýuşisi ýoldaş N. W. Kormilsewiň üstüne ýüklemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 15-nji sentýabry
№ UP-590